"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Hal­ka­ra äh­mi­ýet­li hü­när

Gahryman Arkadagymyzyň: «Amala aşyrýan ägirt uly maksatnamalarymyz barada gürrüň berýän güýçli syýasatçy, ykdysadyýetçi žurnalistleriň toparlaryny döretmek we olaryň netijeli işlemegini ýola goýmak gerek» diýen sözleri biz — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, aýratyn-da, halkara žurnalistikasy hünäriniň mugallymlary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamakda esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Institutymyzda bilim alýan talyplaryň dünýägaraýyşlaryny giňeltmäge ýardam berýän žurnalistika ugruna degişli geçilýän dersler halkara derejesinde zähmet çekjek žurnalistlere žurnalistik maglumatlary toplamagy, olaryň üstünde işlemegi, öz işlerinde dürli žurnalistik tilsimlerden we žanrlardan peýdalanmagy öwrenmäge, döwrüň möhüm meselelerini dogruçyl we maksadalaýyk şöhlelendirmäge ýardam edýär. Bu ýerde talyplar makala ýazmak, gepleşikleri taýýarlamak we radio-telewideniýede işleýän žurnalistleriň işleýiş usullaryny öwrenmek, bu ugurda ulanylýan enjamlardan ýerlikli peýdalanmak ýaly zerur bilimleri žurnalistik dersleriň kömegi bilen özleşdirýärler.

Çapar goşundysy arkaly indi Türkmenistanyň edaralarynyň belgilerini gözläp bolýar

Çapar goşundysynyň täzelenen görnüşinde Türkmenistanyň edaralarynyň telefon belgilerini gözlemek funksiýasy peýda boldy. «Maglumathana» atly täze bölüm edaranyň adyny gözleg meýdançasyna girizip, birnäçe sekundyň dowamynda ol ýa-da beýleki edaranyň telefon belgisini almaga we şol bada goşundynyň özünden jaň etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösüşi döwrebaplygyň ýolunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyp bileris. Bu işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň esasy sebäbi bolsa islendik bir döwletiň ösüşiniň şol döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine bagly bolup durýandygy bilen şertlendirilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýör

Sanly ulgam we sazlaşykly ösüş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam özüniň mynasyp ösüş ýoluna düşdi. Döwletimizde dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak maksady bilen, «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagynda hem munuň subutnamasyny görýäris. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary tehnologiýaly pudaklary, nazary we amaly bilimleri, maglumat tehnologiýalaryny täze derejelere çykarmaga, sanly ykdysadyýete geçmäge, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdelerini kämilleşdirmäge itergi berdi. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Döwletimizde sanly ulgamy ösdürmäge bagyşlanan möhüm işler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden, döredilen şertlerden giňden peýdalanylýar. Gullugyň düzüminde meýilnama esasynda guralýan duşuşyklara, guramaçylyk we gulluk meselelerine bagyşlanan maslahatlara, okuw sa

Tehnologiýalar äleminde

Täsin ulag «Hyundai» kompaniýasy ýangyç, elektrik hereketlendirijisini ýa-da wodorod ýangyç öýjüginiň ulanyşyny kämilleşdirmek bilen, has öňe seredýär. Kompaniýa syýahatçylygy gowulandyrmak üçin eýýäm has düýpli ykjam hereketlendirijileri göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, «Hyundai» kompaniýasy ygtybarly senagat dizaýn firmasy «Sundberg-Ferar» bilen bilelikde täze bir taslama döretdi. Ol robot aýagy bilen enjamlaşdyrylan elektrik ulagydyr. Täze üýtgeşik taslama «Elevate», ýagny «Ýöriş ulagy» diýlip atlandyrylýar. Çylşyrymly, köp bogunly aýaklar bu «ýöriş ulagyna» basgançaklara çykmak, akýan suwdan ýokary galmak, hatda boşluklardan böküp geçmek mümkinçiligini döredýär. «Elevate» halas ediş toparlaryna adaty ýollaryň bozulan ýerlerine baryp ýetmäge mümkinçilik döredip, gurluşykda ýa-da betbagtçylyklarda kömek bermekde uly ýardam berip biler. Şeýle hem, maýyplar üçin oturgyçlara ýa-da binanyň basgançaklaryna dyrmaşmaga oňaýly şertleri hödürläp biler.

Ýurdumyzyň bilim edaralarynda sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän şertleriniň netijesinde, bilim edaralarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalardan peýdalanylmagy, ylmyň soňky gazananlarynyň hem-de okatmagyň innowasion usullarynyň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimiň hiliniň ýokary derejesini üpjün edýär. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Adam hakyndaky alаdany döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugry hökmünde kesgitlän ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek  ýaşlara dünýä derejesinde bilim we

Türkmen tehnologiýa kompaniýalary birinji synp okuwçylary üçin bilim noutbuklaryny öndürer

«Agzybirlik tilsimaty» we «Aýdyň gijeler» Türkmen tehnologiýa kompaniýalary 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli noutbuk öndürmek we bilim edaralaryny üpjün etmek we olara hyzmaty bermek üçin ýurdumyzyň Bilim ministrligi bilen şertnama baglaşarlar. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara anna güni gol çekdi. Bu resminama, 2023-2024-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň orta mekdeplerine kabul edilen birinji synp okuwçylaryna noutbuklaryň sowgat berilmegini göz öňünde tutýar.

«Ak hasap» bi­len işi­ňi­zi ýe­ňil­leş­di­riň!

«Akha­sap» prog­ram­ma­lar ul­ga­my ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek 2012-nji ýyl­­da gur­nal­dy. «Akha­sap» eýe­çi­li­giň dür­li gör­nü­şli kär­ha­na­la­rynyň işi­ni aw­to­mat­laş­dyr­mak, netijede do­lan­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri­niň giň möç­be­ri­ni çöz­mek üçin ni­ýet­le­nendir. Onuň bir­nä­çe gör­nüş­le­ri bar: * Mar­ket sa­tuw (POS);

AÇYŞ ETMÄGE SYNANYŞDYŇYZMY?!

Pikir öwreliň:ylym näme?Ylym biziň ömrümizde alyp biljek iň uly peşgeşimizdir. Özümiziň özümize berip biljek peşgeşimizdir.Ylym bilen meşgullanmagyň baş maksady ylmy ýaran edinip, adamzat üçin peýdaly nähilidir bir täze zady durmuşa ornaşdyrypbilmekden durýar. Biz muny açyş etmek diýip hem atlandyrýarys. Şu makalamyzda hem açyş etmek hakynda söhbet açmagy makul bildik. Munuň üçin, ilki bilen, bir soraga jogap bereliň. Açyş etmek näme? Açyş etmek ― bu täze bir pikir, usul ýa-da enjam döretmekdir. Açyş etmek bilen haýsydyr bir meselä täzeçe çözgüt bilen çemeleşip bolar ýa-da köne çözgütler kämilleşdirilip bilner. Her bir açyş pikirlenmekdan başlaýar. Her kimiň özboluşly pikiri bardyr. Diýmek, her kim täze bir açyş edip biler. Munuň üçin ilki bize bir mesele zerur. Meseleden soňra gerek zadymyz bolsa pikirdir. Özem täze bir pikir. Ýöne pikirler gökden alma gaçan ýaly gaçmaz. Diýmek, biz pikirimize gözbaş edip öňki pikirleri hem ulanyp bileris. Açyş etmegiň ikinji bir ýoly bolsa orta atylan meseläniň çözüliş ýollaryny tapmak. Mesele we pikir orta goýlandan soňra, ony kämilleşdirmek o diýen bir kyn däl. Esasy kynçylyk, orta atylan mese le babatyndaky sagdyn pikirleri tapmakda. Aslynda, açyş etmek maksady bilen bir mesele tapmak kyn zat. Muny şeýleräk düşündirip

«Altyn Asyr» Türkmenistanyň täze etraplarynda 4G aragatnaşygyny ýola goýdy

«Altyn Asyr» öýjükli aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň üç welaýatynyň birnäçe etraplarynda 4G aragatnaşygynyň işi üçin täze enjam oturtdy. Bu barada ORIENT-e TMCELL-iň wekilleri habar berdiler. Indi Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlaryndaky «Altyn Asyryň» abonentleri ykjam aragatnaşygyň dördünji nesliniň artykmaçlyklaryndan, ýokary tizlikli internetden we ýokary hilli telefon aragatnaşygyndan peýdalanyp bilerler.

Tehnologiýalar äleminde

Ykjam enjam Häzirki wagta çenli Head-Up Display ulgamlarynyň esasy ulanyjylary awtoulag eýeleridi. Emma «SoulRS» enjamy muny aradan aýyrýar. Bu ykjam enjamy welosiped we motosikl sürüjileriniňki ýaly her dürli şlemlere, hatda islendik başgaba hem birikdirmek mümkin. Ondaky maglumatlar elmydama göz öňünde ýerleşýär. Smartfonlara Bluetooth arkaly birikdirilýän enjam şu wagta çenli bäş düzgün bilen çäklenýärdi. Häzir bu enjam sürüjiniň tizligini, wagty we senäni, gelýän jaň duýduryşlaryny, habarlary we nawigasiýa maslahatlaryny hem görkezýär. «SoulRS» ykjam enjamyna suw geçmeýär we bary-ýogy 90 gram agramy bar. Onuň batareýasynyň güýji 24 sagada ýetýär. Enjamy bir ýerden başga ýere aňsatlyk bilen geçirip bolýar we ondan maglumat gerek bolmasa, ekrany gabyň iç tarapyna eplemek hem mümkin.

Belarus Respublikasynda täze daş ýygnaýan tehnika döredildi

Be­la­rus­ly hü­när­men­ler oba ho­ja­ly­gy üçin örän ze­rur bo­lan teh­ni­ka dö­ret­di­ler. Tä­ze en­jam ekin meý­dan­la­ryn­da­ky daş­la­ry ýyg­nap, ýer­le­ri eki­şe we ora­ga taý­ýar­la­ýar. To­zan so­ru­jy ýa­ly iş­le­ýän bu daş ýyg­naý­jy bir ge­zek aý­law eden­de, 700 ki­log­ra­ma çen­li daş ýyg­na­ma­ga ukyp­ly­dyr. Ki­çi­räk trak­to­ry ýa­dy­ňa sal­ýan teh­ni­ka­nyň bun­ke­ri daş­dan do­lan­da, sü­rü­ji­ni aw­to­ma­ti­ki usul­da ha­bar­dar ed­ýär. Tä­ze en­jam oba ho­ja­ly­gyn­da teh­ni­ki se­riş­de­le­ri aýaw­ly sak­la­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Se­bä­bi, ekin meý­dan­la­ryn­da­ky ulu­ly-ki­çi­li daş­lar bo­ro­na­la­ryň, azal­la­ryň, kom­baýn­la­ryň çalt dö­wül­me­gi­ne ge­tir­ýär. Mins­k şäheriniň teh­ni­ka kär­ha­na­syn­da ön­dü­ri­len daş ýyg­naý­jy öňümizdäki ekiş döw­rün­de sy­nag­dan ge­çi­ri­ler.

Türkmenistanda otly peteklerini indi Döwlet hyzmatlary portaly arkaly onlaýn satyn alyp bolýar

Döwlet hyzmatlarynyň resmi internet portaly otly petekleriniň satuwyna başlady. Bu barada hyzmatlaryň resmi portaly habar berdi. Indi Türkmenistanyň döwlet hyzmatlarynyň web sahypasyndan we EGOVTM ykjam programmasyndan kassada nobata durmazdan otly petegini onlaýn ýagdaýda satyn alyp bilersiňiz. Häzirki wagtda petekler IOS we Android programmalarynda hem ýerleşdirildi. Hyzmat «Demirýollary» AGPJ bilen bilelikde işe girizildi. Programmada ähli esasy otly ugurlary boýunça petekler bar.

AŞTU birnäçe ýokary tizlikli täze nyrhnamalary hödürleýär

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan ilata hödürlenilýän iternet hyzmatlarynyň tizligini ýokarlandyrdy we şol bir wagtda onuň nyrhlaryny arzanlatdy. Bu barada AŞTU ÝGPJ-niň resmi saýtynda habar berilýär. Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy:

Ýokary tizlikli we arzan internet berler

Welaýatymyzyň ýaşaýjylary 1-nji martdan başlap, «Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasynyň hödürleýän internet hyzmatlaryndan häzirkisinden arzan bahalarda ulanyp bilerler. Kärhananyň girizen ilkinji täzeligi şol günden tizligi sekuntda 4 we 6 megabite ýetýän bukjalaryň hem hödürleniljekligidir. Tizligi sekuntda 4 megabit bolan internet bukjasy aýda 230, 6 megabit bolan bukjasy bolsa 280 manat baha bilen berler.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden durmuşa ornaşdyrylýar

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biridir. Sanly bilim ulgamy sanly ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr. Şunuň netijesinde wagty tygşytlamak, iş ýöredilişini çaltlandyrmak, tehnologiýany ösdürmek we bu babatda ýaşlaryň başarjaňlyklaryny artdyrmak ýaly esasy bähbitler gazanylýar. Şundan ugur alyp, ylymly-bilimli, sagdyn, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem ösüşlere alyp gitjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bu ugruň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy taslamalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümiň senagat w

«Türkmentelekom» Türkmenistandaky internetiň bahasyny arzanlatdy we tizligini ýokarlandyrdy

«Türkmentelekom» aragatnaşyk kärhanasy 2023-nji ýylyň 1-nji martyndan nyrhnamalaryň bahasyny arzanlatdy we internet tizligini ýokarlandyrdy. Bu barada «Türkmentelekomyň» resmi saýtynda habar berilýär. Täze girizilen nyhnamalara laýyklykda hyzmatyň 1 aýlyk bahasy:

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag ugry sanlylaşdyrylar

«TRACECA» halkara hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gatnaşyjy ýurtlar Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara multomodal ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretmek kararyny goldadylar. Bu barada «Trend» habarlar agentligi mälim edýär. Şeýle hem halkara multimodal ulag ugruna gatnaşyjy döwletleriň wekilleri serhetüsti ýükleri geçirmek boýunça soraglara jogap berýän «Gyzgyn jaň» ulgamyny işe girizmek başlangyjyny makulladylar. Taraplar Hazar deňzi arkaly gämili ýükleriň daşalyşynda köptaraplaýyn ylalaşyk boýunça resminamalary taýýarlamak, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara multomodal ulag ugry boýunça ýük awtomobil sürüjileriniň wizasyz üstaşyr geçmekleri bilen bagly meseleleri öwrendiler hem-de degişli işleri dowam etdirmek boýunça özara ylalaşdylar.

Sanly ykdysadyýetiň batly gadamlary

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm binýadydyr. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyry — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyry — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär. Ol 7 bapdan ybarat bolup, onda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär. Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly öňegidişlikleri şertlendirdi. Sanly ulgam ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirip, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri berdi. Nagt däl hasaplaşyklaryň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna, uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan paýynyň ýokarlanmagyna uly ýardam etdi.

Tehnologiýalar äleminde

Täsin sagat «Huawei» kompaniýasy ýakynda özüniň täze önümi bolan «Huawei Watch Buds» gulaga dakylýan eşitdiriji enjamlary (nauşnikleri) özünde jemleýän täze sagatlaryň köpçülikleýin satuwyna başlady. Sagadyň özi töwerek şekilinde bolup, 1,43 dýumly «AMOLED» ekrany bilen üpjün edilen. Onda «NFC» tehnologiýasynyň üsti bilen satyn alnan harytlara hem töleg geçirmek bolýar. Sagatlar «IP54» ülňülerine laýyklykda suwdan goraglydyr. Kompaniýanyň hünärmeniniň aýtmagyna görä, sagatlar 100 müňden hem gowrak gezek açylyp, ýapylanda-da, ekran kadaly işlemäge ukyply. 410  mAs-a eýe batareýa sagada 3 gün işlemäge, eşitdiriji enjamlar bolsa bir zarýadda 4 sagat beýik sesli aýdym diňlemäge we 2,5  sagat gürleşmäge mümkinçilik berýär.