Belarusly hünärmenler oba hojalygy üçin örän zerur bolan tehnika döretdiler. Täze enjam ekin meýdanlaryndaky daşlary ýygnap, ýerleri ekişe we oraga taýýarlaýar. Tozan sorujy ýaly işleýän bu daş ýygnaýjy bir gezek aýlaw edende, 700 kilograma çenli daş ýygnamaga ukyplydyr. Kiçiräk traktory ýadyňa salýan tehnikanyň bunkeri daşdan dolanda, sürüjini awtomatiki usulda habardar edýär.
Täze enjam oba hojalygynda tehniki serişdeleri aýawly saklamakda uly ähmiýete eýedir. Sebäbi, ekin meýdanlaryndaky ululy-kiçili daşlar boronalaryň, azallaryň, kombaýnlaryň çalt döwülmegine getirýär. Minsk şäheriniň tehnika kärhanasynda öndürilen daş ýygnaýjy öňümizdäki ekiş döwründe synagdan geçiriler.