Sanly ulgam we sazlaşykly ösüş

23 Mart 2023
875

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgam özüniň mynasyp ösüş ýoluna düşdi. Döwletimizde dünýä ülňülerine laýyk gelýän aragatnaşyk ulgamyny ýola goýmak maksady bilen, «TürkmenÄlem 52oE» milli emeli hemramyzyň älem giňişligine çykarylmagynda hem munuň subutnamasyny görýäris. Bu bolsa, öz gezeginde, ýokary tehnologiýaly pudaklary, nazary we amaly bilimleri, maglumat tehnologiýalaryny täze derejelere çykarmaga, sanly ykdysadyýete geçmäge, kompýuter we häzirki zaman kommunikasiýa serişdelerini kämilleşdirmäge itergi berdi. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwletimizde sanly ulgamy ösdürmäge bagyşlanan möhüm işler Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzyň gümrük edaralarynyň ählisinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden, döredilen şertlerden giňden peýdalanylýar. Gullugyň düzüminde meýilnama esasynda guralýan duşuşyklara, guramaçylyk we gulluk meselelerine bagyşlanan maslahatlara, okuw sapaklaryna wideoaragatnaşyk ýa-da teleköpri esasynda gatnaşmaga mümkinçilik döredildi. Munuň özi halkara guramalary we daşary döwletleriň degişli gümrük edaralary bilen ýola goýlan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge giň ýol açýar. Internet aragatnaşygynyň mümkinçiligi esasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň customs.gov.tm resmi web saýtynyň işe girizilmegi we onda degişli maglumatlaryň, sanly hyzmatlaryň, syýasy we gümrük habarlarynyň toplumlarynyň ýerleşdirilip, gündelik täzelikler we beýlekiler bilen ähli adamlara ýakyndan tanyşmaga mümkinçiligiň döredilmegi sanly hyzmatlary ýokarlandyrmakda amala aşyrylýan işleriň ýene-de bir subutnamasydyr.

Arslan KAKABAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçysy, kapitan.
Beýleki habarlar