Tehnologiýalar äleminde

22 Fewral 2023
876

Täsin sagat

«Huawei» kompaniýasy ýakynda özüniň täze önümi bolan «Huawei Watch Buds» gulaga dakylýan eşitdiriji enjamlary (nauşnikleri) özünde jemleýän täze sagatlaryň köpçülikleýin satuwyna başlady. Sagadyň özi töwerek şekilinde bolup, 1,43 dýumly «AMOLED» ekrany bilen üpjün edilen. Onda «NFC» tehnologiýasynyň üsti bilen satyn alnan harytlara hem töleg geçirmek bolýar. Sagatlar «IP54» ülňülerine laýyklykda suwdan goraglydyr. Kompaniýanyň hünärmeniniň aýtmagyna görä, sagatlar 100 müňden hem gowrak gezek açylyp, ýapylanda-da, ekran kadaly işlemäge ukyply. 410  mAs-a eýe batareýa sagada 3 gün işlemäge, eşitdiriji enjamlar bolsa bir zarýadda 4 sagat beýik sesli aýdym diňlemäge we 2,5  sagat gürleşmäge mümkinçilik berýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ogulmaýsa BAÝRAMOWA,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar