Ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň ösüşi döwrebaplygyň ýolunda

24 Mart 2023
747

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde ýurdumyzyň orta mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikleriň döredilýändigi aýdyp bileris. Bu işleriň yzygiderli alnyp barylmagynyň esasy sebäbi bolsa islendik bir döwletiň ösüşiniň şol döwletiň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine bagly bolup durýandygy bilen şertlendirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin döwlet tarapyndan goýberilýän serişdeleriň möçberi ep-esli ýokarlandy we häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamy üçin gurulýan täze binalaryň sany hem artdy. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary netijesinde berilýän bilimiň hilini dünýä derejesinde laýyk ýola goýmak, ýaş neslimize döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk bilim we terbiýe bermekde milli ruha ýugrulan, türkmen halkynyň geçmişde ýörelge edinen, taryhy döwürleriň içinde gaýnap, durmuşyň synaglaryndan geçip, biziň günlerimize çenli gelip ýeten milli edep-terbiýe mekdebini ýörelge edinmek, onuň bilen ugurdaşlykda ösen döwletleriň bilim ulgamyny dolandyrmakdaky tejribesine daýanmak däbe öwrüldi.

Beýleki habarlar