Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden durmuşa ornaşdyrylýar

23 Fewral 2023
734

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri durmuşa ornaşdyrmak esasy ugurlaryň biridir. Sanly bilim ulgamy sanly ykdysadyýetiň möhüm pudagydyr. Şunuň netijesinde wagty tygşytlamak, iş ýöredilişini çaltlandyrmak, tehnologiýany ösdürmek we bu babatda ýaşlaryň başarjaňlyklaryny artdyrmak ýaly esasy bähbitler gazanylýar. Şundan ugur alyp, ylymly-bilimli, sagdyn, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem ösüşlere alyp gitjek nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.

Ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalar ulgamynyň güýçli depginlerde ösmegi, ilatymyza häzirki zaman ýokary hilli internet hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy maglumatlaryň giň gerimini seljermäge we aragatnaşygyň täze hem ykjam görnüşlerini durmuşa ornaşdyrmaga oňyn şertleri döredýär. Bu bolsa sanly ulgamyň diňe şu gününiň däl, eýsem, geljeginiň hem ösüşli bolmagyny üpjün edýär. Esasy zat ýurdumyzda häzirki wagtda ösen tehnologiýalaryň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň özi bu ugruň ösdürilmeginde täze mümkinçilikleri döredýär. Şunda täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy taslamalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaýyn düzümiň senagat we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ylym-bilim, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa we beýleki toplumlarynyň ösüş maksatnamasynyň yzygiderli amala aşyrylmagy üstünlikli alnyp barylýar. Häzirki wagtda jemgyýetimiziň we ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda sanly serişdeleri giňden peýdalanmakda ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmegiň anyk ugurlary ýola goýuldy.

Beýleki habarlar