Tehnologiýalar äleminde

1 Mart 2023
832

Ykjam enjam

Häzirki wagta çenli Head-Up Display ulgamlarynyň esasy ulanyjylary awtoulag eýeleridi. Emma «SoulRS» enjamy muny aradan aýyrýar. Bu ykjam enjamy welosiped we motosikl sürüjileriniňki ýaly her dürli şlemlere, hatda islendik başgaba hem birikdirmek mümkin. Ondaky maglumatlar elmydama göz öňünde ýerleşýär. Smartfonlara Bluetooth arkaly birikdirilýän enjam şu wagta çenli bäş düzgün bilen çäklenýärdi. Häzir bu enjam sürüjiniň tizligini, wagty we senäni, gelýän jaň duýduryşlaryny, habarlary we nawigasiýa maslahatlaryny hem görkezýär. «SoulRS» ykjam enjamyna suw geçmeýär we bary-ýogy 90 gram agramy bar. Onuň batareýasynyň güýji 24 sagada ýetýär. Enjamy bir ýerden başga ýere aňsatlyk bilen geçirip bolýar we ondan maglumat gerek bolmasa, ekrany gabyň iç tarapyna eplemek hem mümkin.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Akmuhammet ANNABERDIÝEW,
«Aşgabat».
Beýleki habarlar