Sanly ykdysadyýetiň batly gadamlary

22 Fewral 2023
804

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm binýadydyr. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyry — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyry — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär. Ol 7 bapdan ybarat bolup, onda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär.

Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly öňegidişlikleri şertlendirdi. Sanly ulgam ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirip, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri berdi. Nagt däl hasaplaşyklaryň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna, uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan paýynyň ýokarlanmagyna uly ýardam etdi.

Arslan REÝIMOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.
Beýleki habarlar