"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri

SAKGALLY AKONITELLA

Sagdynlygyň gözbaşy

Sagdynlygy saklamakda esasy ugurlaryň biri dogry iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek saglygyňy berkidýär, berhizli iýmit önümleri bedende dogry alyş-çalşy üpjün edýär. Alyş-çalyş bozulan ýagdaýynda, ilki bilen beden agzalaryň işi üýtgäp, soňra bolsa bedende dürli keseller döräp başlaýar. Beloklara, uglewodlara we dürli mikroelementlere baý bolan tebigy iýmitlerden ýeterlik mukdarda peýdalanmaly. Iýmitiň ýokumlylygy, ilki bilen, onuň düzümindäki mineral maddalara, witaminlere, beloklara, uglewodlara we ýaglara baglydyr. Şol sebäpden adamyň gündelik iýmiti dürli-dürli bolmaly. Günüň dowamynda kabul edilýän naharda belok, ýag, uglewodlaryň gatnaşygy ýeterlik derejede bolmaly. Azyk önümlerini ak bazarlardan, söwda merkezlerinden, dükanlardan satyn almaly. Azyk önümleri saýlanyp alnanda hil taýdan arassalygyna, terligine üns bermelidir. Satyn alnan iýmit önümleri sowadyjyda ýerleşdirilmelidir. Azyk önümleri, gök we bakja önümleri, miweli gök otlary iýilmezden ozal arassa suwda mazaly ýuwmaly. Sowadylan gaýnag suwda durlamaly. Arassa matanyň ýa-da hasanyň üstünde guratmaly. Soňra arassa gaba ýerleşdirip, sowadyjynyň aşaky böleginde ýerleşdirmeli.

Afroditanyň oty

Narpyzyň peýdasy barada adamlar gaty irki döwürlerde bilip, ony giňden peýdalanypdyrlar. Hatda gadymy grek rowaýatlarynda narpyzy Afrodita hudaýynyň oty hasaplapdyrlar. Gadymy Rimde narpyz iň bir giňden ulanylýan ot bolup, zenanlar narpyzyň ýapraklaryny ary baly bilen garyp çeýnäpdirler. Gadymy Müsür faraonlarynyň guburlaryndan narpyzyň galyndylarynyň tapylmagy bolsa oňa şol döwürlerde-de uly ähmiýet berlendigini görkezýär. Şonuň ýaly-da gadymy döwürlerde narpyzdan anbar taýýarlapdyrlar, ony dürli tagamlara garypdyrlar. Gadymy gündogarda narpyzdan sowuk içgiler — şerbet taýynlanypdyr. Orta asyrlarda köşk aşpezleri dürli naharlara reňk bermek üçin narpyzyň suwuny sykyp alypdyrlar. Günorta Amerikada narpyzy ruhuňy göteriji içgileri taýýarlamakda ulanypdyrlar. Ol ýerde bu otuň ady-da gönüden-göni: «Gowy ot» manysynda terjime edilýär. Dürli maksatlarda ulanylsa-da, narpyzyň saglyk üçin peýdasynyň uludygy hiç haçan gözden salynmandyr. Ýakymly ysly narpyzly çaý adamyň pikirini durlaýar, dartgynlylygy aýyrýar, köşeşdiriji täsire eýe. Onuň ukusyzlygyň garşysyna göreşmekde peýdasynyň uludygy barada irki döwürleriň ýazgylarynda-da getirilýär. Narpyz garylyp demlenen çaý semremekden ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Sebäbi onuň özboluşly himiki düzümi iýmitiň siňmeginiň ti

Kadalary berjaý ediň, sagdyn boluň!

Şahsy arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi islendik möwsümde ýüze çykyp biljek ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, talabalaýyk bişirilmedik nahardan we arassalanmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek saglygy berkitmek üçin hökmany şertdir. Bu möhüm düzgünler, ilkinji nobatda, maşgaladan başlanmalydyr. Şonuň üçin hem her bir ene-ata bu babatda çagalaryna gözegçilik etmelidir. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin otaglary ýygy-ýygydan ýelejiredip, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen ýuwup, arassalap durmaly. Arassa howada gezelenç etmegi durmuşymyza ornaşdyrmaly. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly, häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we jemgyýetçilik ýerlerinde agyz-burun örtüklerini dakynmaly, 2 metr howpsuz aralygy saklamaly.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar

Ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen, degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen baglylykda ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, pasyllara görä gün tertibini dogry alyp barmaklyk zerur bolup durýar.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Arassaçylygy berjaý ediň!

■ Ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýnadyň we ütükläň! ■ Çig we taýýar iýmit önümleri üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň!

Hoz dermanlyk daragt

Hozuň maňzy örän tagamlydyr. Bu daragtyň ýapragy, miwesiniň daşky gök gabygy hem dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar. Hozuň maňzy saglyk üçin juda gymmatlydyr. Onuň düzümi ýag, belok, uglewodlar, karotin, E, P witaminler we başga-da peýdaly dokumalardan ybaratdyr. Hozuň ýapragyndan taýýarlanylýan şiresi demrewi, gijelewügi ýok edýär. Şahalaryndan we köküniň gabygyndan taýýarlanan melhemler damagyň we bokurdagyň sowuklama kesellerinde, diş gowşanda, dişiň eti zaýalananda, şeýle hem iç sürüji we aşgazana haýyrly serişde hökmünde ulanylýar. Keselden soň kuwwatlandyryjy we iýmit siňdirişi gowulandyryjy nygmat hökmünde hozuň maňzynyň deňi-taýy ýokdur.

Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

1.Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlän ýagdaýyňyzda, öl saçly daşary çykmaly däl. 2.Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.

Pasla görä geýinmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň alyp barmak saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda işleýän maşgala lukmanlarynyň paýyna düşýär. Sepgit döwründe wagtal-wagtal Günüň çykmagyna seretmezden, howa sowuklygyna galýar. Şonuň üçinem möwsüme görä geýinmek örän zerur bolup durýar. Haçan-da möwsüme görä geýinilmese, sökellikleriň döremegine, möwsümleýin ýiti respirator keselleri bilen kesellenilmegine getirip biler. Bedeniň aşa üşemezligi üçin ýylylygy saklaýan galyň eşikleri, aýaklaryňa bolsa rahat, özüňe laýyk gelýän ýapyk, ýyly, aşagy typmaýan aýakgaplary geýmek örän zerurdyr. Bu bedeniňi ýyly saklap, kesele garşy durnuklylygyň saklanmagyna itergi berýär. Ýyly aýakgabyň içinden galyň joraplary geýmegi hem ýatdan çykarmaly däl. Uly adamlar çagalaryň hem möwsüme görä geýinmeklerine gözegçilik etmeli. Saglygymyza gözegçilik etmek biziň özümize bagly. Şol sebäpli-de, keseliň öňüni alyş çärelerini dogry we doly berjaý etsek, her birimiziň sagdyn boljagymyz ikuçsuzdyr. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, saglygyň gadyryny bilgil, hassa bolmasdan burun. Keseli bejerenden, onuň öňüni almak aňsat. Möwsümleýin geýinmek bilen bir hatarda, arass

Üzärlik derde derman

Müň derdiň dermany diýlip hasaplanylýan üzärlik ir döwürden bäri tebipçilikde we lukmançylykda ulanylyp gelinýän köpýyllyk ösümlikdir. Üzärlik öz düzüminde birnäçe alkoloidleri, ýaglary, şeýle-de, boýag maddalaryny saklaýar. Häzirki wagtda hem her türkmen ojagynda üzärligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Üzärligiň dermanlyk häsiýeti baradaky maglumatlar Abu Aly Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) “Tebipçiligiň ýankitaby” we Muhammet Hüseýiniň “Melhemler hazynasy” ýaly eserlerinde duş gelýär. Üzärlik çişlerde, garnyň ýellenmeginde, içgeçmede, damaryň çekmesinde derman hökmünde ulanylýar. Üzärligi häzirki döwürde köpçüligiň üýşýän ýerinde tütetmek zerurdyr. Çünki, ol howadaky ýiti ýokanç keseli ýaýradyjylaryň, bakteriýalaryň zyýanlaryndan saplanmaga ýardamçydyr. Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri üzärligi çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradyp, peýdalanyp gelipdirler.

Limon çaýy

Synaňda hiç kesel goýmaz, Ary bally limon çaýy.

Saglyk — baş baýlyk

Serhetabat etrap hassahanasynyň Ýeňiş oba saglyk merkeziniň lukmanlary ynsan saglygy hakynda gije-gündiz aladalanýarlar. Saglyk merkezine Öwezgeldi Paçow ýolbaşçylyk edýär. Ol ýerde 1 maşgala lukmany, 3 şepagat uýasy bolup, olardan Ene Orazmuhammedowa, Ogultäç Beşirowa, Gunça Hanowa, kiçi şepagat uýasy Akjemal Annasähedowa dagy halka yhlasly hyzmat edýär. Işdeşleriniň arasynda uly hormata mynasyp bolýan şepagat uýasy Ene Orazmuhammedowa bu kärde 37 ýyldan bäri zähmet çekýär. Saglyk merkeziniň lukmanlary raýatlara dürli ýokanç kesellerden goranmagyň, şeýle hem bejergileriň adam saglygy üçin örän zerurdygyny näsaglara içgin düşündirýärler we olara maslahat berýärler.

Ýolagçy gatnatmakda täze kadalar

Gazetimiziň geçen sanynda habar berşimiz ýaly, şu aýda Aşgabat ― Türkmenabat we Türkmenabat ― Aşgabat ugurlary boýunça otly gatnawlary synag möhleti bilen dikeldildi. Gatnawlarda «Türkmendemirýollary» agentligi we ýolagçylar tarapyndan berjaý edilmeli arassaçylyk kadalary barada gürrüň bermegini haýyş edip, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary Gyzylgül Ibragimowa ýüz tutduk. Ol şeýle gürrüň berdi: — Türkmenistanda gaýtadan dikeldilen otly gatnawlary üçin täze düzgünlerdir talaplar girizildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň ýörite meýilnamasyna laýyklykda bu gatnawlar üçin «Türkmendemirýollary» agentligine we ýolagçylara birnäçe talaplar bildirilip, olar muny doly berjaý etmelidirler.

Sagdyn bolaýyn diýseňiz...

Pasyllaryň çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli. Şeýle-de: — bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säher hem-de agşamara arassa howada gezim etmeli;

Gök önümleriň peýdasy

Bahar aýlarynda öz saglygymyz üçin köp gök önümleri iýmek peýdalydyr. Şugundyr: onuň düzüminde B topara degişli witaminler köpdür. Olar saçlaryň, deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Onuň düzüminde demir we ýod köp, şeýle hem gan basyşy ýokary bolan adama iýmek peýdalydyr.

Pasyl çalşygynda kadalary berjaý ediň!

Gyşyň öz ornuny bahar paslyna bermegi beden saglygymyzy berkitmek, ony dürli kesellerden gorap saklamak babatda jogapkärçiligimizi birjik-de kemeltmeýär. Islendik adam her paslyň aýratynlyklaryna görä, oňa uýgunlaşmaga çalyşýar. Bu hadysa bedeniň immun, madda çalşygy ulgamlarynyň işjeň gatnaşmagynda amala aşýar. Ýazda adam dürli ýokumlara, mikroelementlere baý ter önümleri ýeterlik mukdarda iýmelidir. Çünki bu döwürde bedenimiz tomsuň yssy günleri üçin güýç toplaýar. Ene topragymyzda bitýän miwelerden we gök önümlerden taýýarlanan milli tagamlar, dürli işdäaçarlar bedenimizi gerekli mukdarda peýdaly maddalar bilen üpjün edýär. Kakadylan miweler goşulan gök çaý adamlaryň isleg bildirýän esasy içgileriniň biridir. Lukmanlar bilen maslahatlaşyp, dürli miwelerden taýýarlanan şerbetleri içmek gowy netijäni berýär.

Kadaly iýmitleniň, salamat boluň!

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzda adam we onuň saglygy barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Gahryman Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda adamlaryň saglygyny goramaga, keselleriň öňüni almaga, netijede bolsa, ýurdumyzda ynsan ömrüni uzaltmaga gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sagdyn bolmak üçin dogry iýmitlenmeli. Gündelik iýmitiň düzümi witaminleri, mineral duzlary, uglewodlary, ýaglary, beloklary talap edilýän mukdarda saklaýan önümlerden (gök we bakja önümleri, ir-iýmişdir miweler, et we süýt önümleri, galla we kösükli ösümlikleriň önümleri) ybarat bolmaly. Ýiti respirator ýokançlaryň ýaýramak howpy ýokarlanýan döwürlerde immuniteti pugtalandyrýan C witamine baý, gyzyl bolgar burçuny, pomidory, sitrus miweleri (limon, apelsin, mandarin), kesel dörediji bakteriýalara garşy täsirli fitonsidleriň egsilmez çeşmesi bolup durýan, düzüminde gakylygyň gopmagyny üpjün edýän efir ýaglary saklanýan sarymsagy, bedeni kuwwatlandyrýan baly, gyzgyny peseldiji, agyryny köşeşdiriji, sowuklama garşy täsirli böwürsleni, üljäni ýeterlik ulanmaly.

«Ýeňiljek ýoňlamadyr, geçer-gider» diýmäň!

Bedeniňiziň gyzgynlygy kadaly ýagdaýda bolsa-da, bokurdagyňyz awuşap, burnuňyzdan suw akyp durmagy, käte burnuň dykylyp, bokurdagyň gijemegi, kelläniň çalaja agyrmagy ýaly alamatlar birdenkä peýda bolanda, bu alamatlara adamlar aglaba üns bermeýärler, geçer-gider öýdýärler. Aslynda bolsa, bu alamatlaryň haýsydyr bir agyr keseliň bardygyny habar berýän bolmagy mümkin. Ylaýta-da, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy anyklaýyş-bejeriş işleriniň gaýra goýulman geçirilmegini talap edýär. Bedeniňiziň gyzgyny kadaly ýagdaýda bolsa-da, bokurdagyňyz awuşap, burnuňyzyň suwy akyp durýan bolsa, megerem, siz rinowirusyň döredýän keselinden, ýagny rinitden ejir çekýän bolmaly. Munuň üçin üç-dört günläp damarlary daraldyjy damjalary ýa-da spreýleri ulansaňyz ýa-da kesel alamatlarynyň ýeňil geçmegini üpjün etmek üçin sowuklama garşy täsirli dermanlyk ösümlikleriň (çopantelpek, bidenek) gaýnatmasyny içseňiz täsirli bolar. Burun dykylma bir hepdeden köpe çekse, üstesine bedeniňiziň gyzgyny ýokarlanyp, üsgürýän bolsaňyz, onda hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Şeýle alamatlar dümewde ýüze çykyp bilýär. Lukman gelýänçä gyzgynyňyzy peseltmek üçin parasetamolyň ýa-da nurofeniň bir tabletkasyny içseňiz bolýar. Ýagdaýyňyz agyrlaşyberse, lukman gelýänçä, wirusa garşy tä

Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip...

Welaýat häkimliginiň garamagyndaky 1-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde hem arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişi, kadaly iýmitlenmek, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek we agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmak barada wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Wagyz-nesihat çärelerine hünär mekdebiniň mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň gatnaşýarlar. Şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegiň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda ygtybarly çäredigi hakynda talyp ýaşlara yzygiderli ündelýär. Olaryň agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynmagyna, howpsuz araçägi saklamagyna gözegçilik edilýär. Orta hünär okuw mekdebimizde işgärleriň, mugallymlaryň we talyplaryň şahsy arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Olaryň ellerini ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy üçin oňaýly şertler döredildi. Şeýle hem, okuw mekdebimiziň esasy girelgesinde we okuw otaglarynda saglyk burçlary döredilip, zerur arassaçylyk we zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen doly üpjün edildi. Okuw otaglarynyň arassaçylygyna, zyýansyzlandyrylyşyna we ýelejiredilmegine gözegçilik edilýär we bu babatda zerur çäreler wagtly-wagtynda berjaý edilýär. Şeýle hem üzärlik oty ýygy-ýygydan tütedilýär.