Afroditanyň oty

4 Mart 2021
1367

Narpyzyň peýdasy barada adamlar gaty irki döwürlerde bilip, ony giňden peýdalanypdyrlar. Hatda gadymy grek rowaýatlarynda narpyzy Afrodita hudaýynyň oty hasaplapdyrlar. Gadymy Rimde narpyz iň bir giňden ulanylýan ot bolup, zenanlar narpyzyň ýapraklaryny ary baly bilen garyp çeýnäpdirler. Gadymy Müsür faraonlarynyň guburlaryndan narpyzyň galyndylarynyň tapylmagy bolsa oňa şol döwürlerde-de uly ähmiýet berlendigini görkezýär. Şonuň ýaly-da gadymy döwürlerde narpyzdan anbar taýýarlapdyrlar, ony dürli tagamlara garypdyrlar. Gadymy gündogarda narpyzdan sowuk içgiler — şerbet taýynlanypdyr. Orta asyrlarda köşk aşpezleri dürli naharlara reňk bermek üçin narpyzyň suwuny sykyp alypdyrlar. Günorta Amerikada narpyzy ruhuňy göteriji içgileri taýýarlamakda ulanypdyrlar. Ol ýerde bu otuň ady-da gönüden-göni: «Gowy ot» manysynda terjime edilýär.

Dürli maksatlarda ulanylsa-da, narpyzyň saglyk üçin peýdasynyň uludygy hiç haçan gözden salynmandyr. Ýakymly ysly narpyzly çaý adamyň pikirini durlaýar, dartgynlylygy aýyrýar, köşeşdiriji täsire eýe. Onuň ukusyzlygyň garşysyna göreşmekde peýdasynyň uludygy barada irki döwürleriň ýazgylarynda-da getirilýär. Narpyz garylyp demlenen çaý semremekden ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Sebäbi onuň özboluşly himiki düzümi iýmitiň siňmeginiň tizleşmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, ajykmak duýgusyny sazlaýar. Narpyzyň aşgazan üçin peýdasy hem diýseň uludyr. Düzümindäki tebigy turşulyklaryň we minerallaryň täsin sazlaşygynyň kömegi bilen bu ösümlik aşgazandaky we içege ýollaryndaky dürli näsazlyklaryň öňüni almak ukybyna eýe. Ol içde döreýän sanjylary, ýellenmäni, içgeçmäni, iç gatamany, saryň gaýnamasyny aýyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Şamyrat BAÝRAMDURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar