Saglyk — baş baýlyk

3 Mart 2021
1118

Serhetabat etrap hassahanasynyň Ýeňiş oba saglyk merkeziniň lukmanlary ynsan saglygy hakynda gije-gündiz aladalanýarlar. Saglyk merkezine Öwezgeldi Paçow ýolbaşçylyk edýär. Ol ýerde 1 maşgala lukmany, 3 şepagat uýasy bolup, olardan Ene Orazmuhammedowa, Ogultäç Beşirowa, Gunça Hanowa, kiçi şepagat uýasy Akjemal Annasähedowa dagy halka yhlasly hyzmat edýär.

Işdeşleriniň arasynda uly hormata mynasyp bolýan şepagat uýasy Ene Orazmuhammedowa bu kärde 37 ýyldan bäri zähmet çekýär. Saglyk merkeziniň lukmanlary raýatlara dürli ýokanç kesellerden goranmagyň, şeýle hem bejergileriň adam saglygy üçin örän zerurdygyny näsaglara içgin düşündirýärler we olara maslahat berýärler.

Beýleki habarlar