Hoz dermanlyk daragt

3 Mart 2021
917

Hozuň maňzy örän tagamlydyr. Bu daragtyň ýapragy, miwesiniň daşky gök gabygy hem dermanlyk serişde hökmünde ulanylýar. Hozuň maňzy saglyk üçin juda gymmatlydyr. Onuň düzümi ýag, belok, uglewodlar, karotin, E, P witaminler we başga-da peýdaly dokumalardan ybaratdyr.

Hozuň ýapragyndan taýýarlanylýan şiresi demrewi, gijelewügi ýok edýär. Şahalaryndan we köküniň gabygyndan taýýarlanan melhemler damagyň we bokurdagyň sowuklama kesellerinde, diş gowşanda, dişiň eti zaýalananda, şeýle hem iç sürüji we aşgazana haýyrly serişde hökmünde ulanylýar. Keselden soň kuwwatlandyryjy we iýmit siňdirişi gowulandyryjy nygmat hökmünde hozuň maňzynyň deňi-taýy ýokdur.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji Saglyk öýüniň şepagat uýasy.
Beýleki habarlar