Üzärlik derde derman

3 Mart 2021
905

Müň derdiň dermany diýlip hasaplanylýan üzärlik ir döwürden bäri tebipçilikde we lukmançylykda ulanylyp gelinýän köpýyllyk ösümlikdir. Üzärlik öz düzüminde birnäçe alkoloidleri, ýaglary, şeýle-de, boýag maddalaryny saklaýar. Häzirki wagtda hem her türkmen ojagynda üzärligiň bir çogdamyny görmek bolýar.

Üzärligiň dermanlyk häsiýeti baradaky maglumatlar Abu Aly Ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň (Jürjanynyň) “Tebipçiligiň ýankitaby” we Muhammet Hüseýiniň “Melhemler hazynasy” ýaly eserlerinde duş gelýär. Üzärlik çişlerde, garnyň ýellenmeginde, içgeçmede, damaryň çekmesinde derman hökmünde ulanylýar. Üzärligi häzirki döwürde köpçüligiň üýşýän ýerinde tütetmek zerurdyr. Çünki, ol howadaky ýiti ýokanç keseli ýaýradyjylaryň, bakteriýalaryň zyýanlaryndan saplanmaga ýardamçydyr. Ata-babalarymyz irki döwürlerden bäri üzärligi çogdamlap, öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradyp, peýdalanyp gelipdirler.

Beýleki habarlar