Sagdynlygyň gözbaşy

4 Mart 2021
697

Sagdynlygy saklamakda esasy ugurlaryň biri dogry iýmitlenmekdir. Kadaly iýip-içmek saglygyňy berkidýär, berhizli iýmit önümleri bedende dogry alyş-çalşy üpjün edýär. Alyş-çalyş bozulan ýagdaýynda, ilki bilen beden agzalaryň işi üýtgäp, soňra bolsa bedende dürli keseller döräp başlaýar. Beloklara, uglewodlara we dürli mikroelementlere baý bolan tebigy iýmitlerden ýeterlik mukdarda peýdalanmaly. Iýmitiň ýokumlylygy, ilki bilen, onuň düzümindäki mineral maddalara, witaminlere, beloklara, uglewodlara we ýaglara baglydyr. Şol sebäpden adamyň gündelik iýmiti dürli-dürli bolmaly. Günüň dowamynda kabul edilýän naharda belok, ýag, uglewodlaryň gatnaşygy ýeterlik derejede bolmaly.

Azyk önümlerini ak bazarlardan, söwda merkezlerinden, dükanlardan satyn almaly. Azyk önümleri saýlanyp alnanda hil taýdan arassalygyna, terligine üns bermelidir. Satyn alnan iýmit önümleri sowadyjyda ýerleşdirilmelidir. Azyk önümleri, gök we bakja önümleri, miweli gök otlary iýilmezden ozal arassa suwda mazaly ýuwmaly. Sowadylan gaýnag suwda durlamaly. Arassa matanyň ýa-da hasanyň üstünde guratmaly. Soňra arassa gaba ýerleşdirip, sowadyjynyň aşaky böleginde ýerleşdirmeli.

Gurbannyýaz BAÝRAMSÄHEDOW,
Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezi Deri-wenerologiýa hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar