"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Eller arassa bolmaly

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly usuly. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, ol birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslar we bakteriýalar ellerde toplanýar, olar ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem hajathanadan soň, nahar iýmezden öň, daşarda gezelenç edilenden soň, asgyrylandan we üsgürilenden soň elleri sabyn bilen ýuwmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukyby gowşaýar. Beden gowşan ýagdaýynda «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň döremegi ähtimal. Şolaryň hataryna iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator wirus ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Elleriň iki tarapyny hem barmaklaryň aralary bilen akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly. Günüň dowamynda zyýansyzlandyryjy erginleri hem ulanmaly. Sabynyň antiseptik görnüşlerini ulanmak has netijelidir. Şeýle-de kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmak, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklamak zerurdyr.

Saglyk — beglik

Halkymyzda «Saglygym — baýlygym», «Saglyk — beglik» diýen ýörgünli jümleler bar. Şu jümleler ynsan saglygynyň gadyr-gymmatyny äşgär görkezýär. Dürli sebäpler ynsan saglygyna täsir edip bilýär. Önümçilikde goh hem bellibir derejede ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirip bilýär. Goh oba hojalyk işlerinde, önümçilik kärhanalarynda tehniki ýagdaýlar bilen bagly emele gelýär. Önümçiligiň enjamlaryndan çykýan ýa-da başga emele gelýän gohlar adam bedenine täsir edýän hem bolsa, onuň saglygyna täsir etmegi gohuň derejesine (beýikligine) baglydyr. Ylmyň kesgitlemegine görä, gohuň derejesi rugsat edilýän derejä çenli adam saglygyna täsiri ujypsyz hasap edilýär. Emma gohuň derejesi rugsat edilýänden ýokary bolanda, onda ony peseltmek we adam saglygyny goramak işleriniň geçirilmegine girişilýär.

Tebigy serişdeleriň dermanlyk ähmiýeti

Ýurdumyzyň baý tebigy serişdeleri arkaly derman senagatyny ösdürmek adam saglygy baradaky aladanyň durmuşa geçirilmeginde aýdyň görünýär. Türkmenistanyň derman senagatyny ösdürmek «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, «Berzeňňi» mineral bejeriş suwy kärhanasynyň, Zyýansyzlandyryjy erginleri öndürýän kärhananyň, şeýle hem Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde bejeriş palçygyny we deňiz duzuny gaplamak boýunça kärhananyň hem-de Bereket etrabynda Ýod önümçilik kärhanasynyň açylyp, ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň bu ulgamynyň kämilleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Bejeriş palçyklary bilen dünýäde belli bolan wulkan hem-de Mollagara palçygynyň, deňiz duzunyň, ýoduň we adam saglygy üçin örän peýdaly bolan terapewtiki we kosmetiki önümleriniň giňden peýdalanylýandygy nukdaýnazaryndan alanyňda, olaryň milli ykdysady ösüşdäki ähmiýeti hem öz-özünden düşnüklidir. Önümiň tebigy aýratynlygyny alamatlandyrýan çig malyň doly arassalanandan soňra, oňa ýurdumyzda bitýän dermanlyk otlardan taýýarlanan diňe tebigy görnüşdäki hoşboý ysly maddalaryň goşulmagy netijesinde gaplanylýan deňiz duzy we beýleki önümler dünýä bazarlaryna hödürlenilmäge mynasyp bolan Türkmenistanyň milli önümidir. Munuň özi eko

Pyýada ýöremek peýdaly

Açyk howada ýöremek adamyň süňküni berkidýär, gan basyşyny sazlaşykda saklaýar, ýaglanma howpuny azaldyp, rahat dynç almagyny üpjün edýär we ömrüňi uzaldýar. Günüň dowamynda üç kilometrden gowrak aralygy ýöräp geçmek adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Ertir irden gezim etmek bedeniň janlanmagyna getirse, agşamky gezim ynsanyň rahat uklamagyna täsir edýär. Ukusyzlykdan kösenýän adamlar üçin ýöremek iň oňat dermandyr. Şonuň üçin-de şeýle adamlara her gün açyk howada ýöremek, günde agşamlyk nahardan soň, gezelenç etmek maslahat berilýär. Açyk howada 40-45 minut ýöremek adamyň pikirleniş ukybyny hem ýokarlandyrýar. Käbir adamlar uzak bolmadyk aralyga-da pyýada ýöräp gitmän, ulagly gidenini kem görmeýärler. Şeýdip ulaga aşa endik edinýärler. Bu bolsa olarda gipodinomiýa — ýagny, az hereketliligiň döremegine sebäp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şeýle adamlarda ýaglanma, semizlik, ýürek-damar keselleri, bogun, bil, boýun agyrylary peýda bolup başlaýar.

Ysmanak

Häzirki bahar günlerinde türkmen saçagynyň nygmatly tagamlarynyň biri-de ysmanakdyr. Ene-mamalarymyz ysmanakdan dürli milli tagamlary taýýarlap, onuň iýmit medeniýetimizde ymykly ornaşyp galmagyny gazanypdyrlar. Bu gün alymlar ysmanagyň diňe bir azyklyk iýmit hökmünde däl, eýsem dermanlyk häsiýetlerine-de baýdygyny subut etdiler. Ysmanaklar maşgalasyna degişli bolan ysmanak birýyllyk otjumak ösümlik bolup, ol dünýäde iň giň ýaýran we azyk gymmatlygy ýokary bolan gök önüm hökmünde bellidir. Ysmanak çalt ösýän medeni ösümlikleriň biri bolup, has sowuk howaly ýerlerde ýyladyşhanalarda ýetişdirmäge oňaýlydyr. Ysmanak häzirki döwürde Hytaý, ABŞ, Ýaponiýa, Türkiýe ýaly ýurtlarda ýörite meýdanlarda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

Şypahana — tebigy bejerişiň ojagy

Eziz Diýarymyzda Esasy Kanunymyzyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky binýatlaýyn kadasyny durmuşyň ähli ugurlarynda netijeli ornaşdyrmak, adamlaryň janyny we saglygyny hemme zatdan ýokary goýup, abadan, bagtyýar ýaşaýşyny, saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda şypahana işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýän hem-de Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi, goralmagy çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Agzalan Kanuna laýyklykda, şypahana — sagaldyş-öňüni alyş maksatlarynda özleşdirilen we peýdalanylýan, tebigy bejeriş serişdeleri we infrastruktura obýektlerini hem goşmak bilen, olaryň ulanylmagy üçin zerur bolan jaýlary we desgalary goralýan tebigy ýerdir. Raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan konstitusion hukugynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, ýurduň tebigy bejeriş serişdeleriniň goralmagyny we öwrenilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, olaryň peýdalanylmagynyň esasynda bejerişiň guralmagy, keselleriň öňüniň alynmagy we ilatyň dynç alşynyň guralmagy bu Kanunyň esasy wezipeleri bolu

Berzeňňiniň melhem çeşmesi

Aşgabat şäheriniň günortasynda ýerleşen melhemler mekanyna ýakynlaşyp barýarkaň onuň bedeniňe edýän oňyn täsirini duýýarsyň. Şypahananyň alyslardan görünýän kaşaň binasy keýpiňi göterse, içeri gireniňde garşy alýan ak ýektaýly lukmanlaryň hoşamaý sözleri bu ýerde şypa tapjagyňa uly ynam döredýär. Şeýle psihologiki täsire gurşalyp, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy şypahana bölüminiň ýerleşen binasynyň bosagasyndan ätleýän her bir adam oňat dynç almagy, bedenini dürli kesellerden saplamagy, immunitetini berkitmegi maksat edinýär. Şypahanada olaryň bu talaplaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Kadaly iýmitlenmegiň ähmiýeti

Baş saglygyň sakasy talabalaýyk iýmitlenmek bilen bagly. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy taýdan sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Iýmit bilen alnan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar-gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.

Sarymsagyň peýdasy hakynda

Sarymsagyň bejerijilik häsiýeti bardyr. Ol bedeniň gorag güýçlerini ýokarlandyrýar, kesel dörediji bakteriýalary we kömelejikleri ýok edýär, garrylygy yza tesdirýär, ýürek-damar kesellerine, ýiti respirator wirusly ýokançlara garşy göreşmäge kömek edýär. Sarymsak çigligine iýlende has peýdalydyr. Dümewiň köpçülikleýin ýaýran döwründe her gün 2 diş ter sarymsak iýmek peýdaly. Keseligine ýukajyk kesişdirip, nahardan soň derman ýaly ulansaň-da bolýar. Yzly-yzyna agza salyp, suw içmeli.

Saglygyň gadyryn bilgil...

Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, 2 metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň!

Lukmanyň maslahaty

Şu günler howanyň düzüminde ynsan saglygyna zyýan ýetirýän tozan bölejikleriniň kadadan artandygy sebäpli, agyz-burun örtüklerini dakynmak, bellenilen howpsuz aralygy saklamak we pasla görä geýinmek maslahat berilýär.

Saglygym — baş baýlygym

1. Ýokumly, witaminlere we minerallara baý miweleri, gök önümleri köpräk iýmeli. 2. Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwup, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeli.

Saglygy goraýşy ösdürmekde möhüm başlangyçlar

Ýurdumyzda lukmançylyk ylymlarynyň giň gerimde ösdürilmegine hem-de olaryň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga, halkymyzyň sagdyn, abadan ýaşaýşyna gönükdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşinde ýurdumyzyň welaýatlarynda täze ylmy-kliniki merkezli hassahanalaryň gurluşygy göz öňünde tutulandyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bu saglygy goraýyş desgalary keselleriň öňüni almak we bejermek üçin giň mümkinçilikleri açyp, Aralyň adam saglygyna edýän ýaramaz täsirini öwrenmäge, okuwlary hem-de ylmy we barlaghana işlerini geçirmäge mümkinçilik berer. Saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitjek bu desgalar Aralýaka sebitiniň gurşawynda ýokanç däl keselleriň öňüni almaga hem-de olaryň garşysyna göreşmek boýunça utgaşykly işleriň alnyp barylmagyna täze şertleri döreder. Geljekde Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-önümçilik merkezlerini gurmak, olarda epidemiologiýa, molekulýar mikrobiologiýa we immunologiýa ýaly ugurlarda düýpli ylmy barlaglary geçirmek üçin şertleri döretmek meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz olarda endemiki keselleriň we onuň döremeginiň sebäplerini ylmy taýdan öwrenmek, ýokanç keselleriň ýaýram

Saglygym — baş baýlygym

■ Öýüň içini her gün tämizlemeli hem-de arassa howa girer ýaly, ýelejiretmeli. Aşhana enjamlary gyzgyn suw bilen ýuwulmalydyr. Tämizleýji serişdeler ulanylanda, elleriňize ýörite arassaçylyk çärelerini geçirmek üçin niýetlenen ellikleri geýmegi unutmaň! ■ Maşgala agzalarynyň hersiniň öz diş çotgasynyň hem-de daragynyň bolmalydygyny biz çagalykdan bilýäris. Dişiňi her gün iki gezek: irden, agşam ýatmazyňdan öň arassalamaly.

Berzeňňiniň melhem çeşmesi

Aşgabat şäheriniň günortasynda ýerleşen melhemler mekanyna ýakynlaşyp barýarkaň onuň bedeniňe edýän oňyn täsirini duýýarsyň. Şypahananyň alyslardan görünýän kaşaň binasy keýpiňi göterse, içeri gireniňde garşy alýan ak ýektaýly lukmanlaryň hoşamaý sözleri bu ýerde şypa tapjagyňa uly ynam döredýär. Şeýle psihologiki täsire gurşalyp, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy şypahana bölüminiň ýerleşen binasynyň bosagasyndan ätleýän her bir adam oňat dynç almagy, bedenini dürli kesellerden saplamagy, immunitetini berkitmegi maksat edinýär. Şypahanada olaryň bu talaplaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Lukman maslahat berýär

■ Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur; ■ Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr aralygy saklamaly;

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip

Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňe sürýän mähriban Arkadagymyz sportuň atçylyk, welosiped we awtomobil sporty, ylgaw, tennis hem-de beýleki dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli türkmen halkyna, ozaly bilen hem ýaşlara özüniň nusgalyk göreldesini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz yzygiderli türgenleşigiň adamy diňe beden taýdan taplanmak bilen çäklenmän, eýsem, onda güýçli erkliligi, düzgün-nyzamlylygy, zähmete söýgini we maksadaokgunlylygy terbiýeleýändigini belleýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistan Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmekde görkezýän ýadawsyz nusgalyk işi netijesinde ýurdumyzda uzakmöhletleýin geljege niýetlenen döwlet maksatnamasyna guramaçylykly häsiýet berlendir. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlary birleşdirýän we Watanymyzyň yzygiderli rowaçlanmagyna ýardam edýän milli taglymata öwrüldi.

Welosipediň saglyga peýdasy

Öňňin Gahryman Arkadagymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilen ekologiýa çäresine gatnaşyp, adam saglygyny berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan sportuň welosiped görnüşi boýunça köpçülikleýin ýörişe badalga berdi. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, welosipedli ýörişler adamlara tebigata ýakyn bolmaga, onuň gözelliginden lezzet almaga ýardam edýär. Adamyň çydamlylygyny artdyrýar, energiýa çalşygyny kadalaşdyrýar we ruhubelentlik paýlaýar.

Günüň ýokary talaby

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň Konstitusiýasynda kesgitlenilişi ýaly, döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Şonuň üçinem hormatly Belent Serkerdebaşymyz halkymyzyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüp, bu babatda degerli işlere badalga berýär. Häzirki wagtda ýokanç keselleriň öňüni almak bilen bagly wezipeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Agyz-burun örtügini dakynmak, 2 metr aralygy saklamak, şahsy gigiýenanyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine berk talap bildirilýär. Bu derwaýys işe edaramyzyň işgärlerem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Işgärlerimiz diňe bir bildirilýän talaplary doly berjaý etmek bilen çäklenmän, ilatyň arasynda gürrüňi edilýän mesele bilen bagly wagyz-nesihat çärelerine-de işjeň gatnaşýarlar.

Saglyk üçin göreşmek gerek

Göni we ýogyn içegede köp görnüşli howply we howpsuz täze döreme keselleri orta we uly ýaşly adamlarda köp duşýan kesel bolmaklygynda galýar. Göni we ýogyn içegäniň keselleriniň 90 göterimi göni içegede we artbujakda gabat gelýär. Göni içegäniň kesellerine, esasanam, zyýanly endikler — çilimkeşlik, spirtli içgileriň içilmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmazlyk, dowamly oturmak, iýmitiň bozulmagy, et-ýagyň, ajy, turşy miweleriň köp iýilmegi, aşa semizlik, täretiň bozulmagy, içiň dowamly gatamagy, ýa-da geçmegi sebäp bolup biler. Artbujakda esasan daşky we içki babasyl, jaýryklar, artbujagyň we onuň daşky dokumalarynyň iriňlemegi, iriňli ojagyň içegäniň içine ýa-da deriden daşyna deşilmegi, wirus sebäpli çişleriň döremegi, et ösüntgileriniň döremegi, bitmeýän ýaralaryň bolmagy, göni içegede bolsa et ösüntgileri, ýara-baş keseli, damar keselleri, her hili görnüşli çişler gabat gelýär. Bu keseller howply täze döremeleriň öň ýanyndaky dertler bolmak bilen wagtynda düýpli bejerilmedik ýagdaýynda olaryň howply täze döremelere öwrülmek ähtimallygy ýokarydyr.