Saglyk — beglik

14 Maý 2021
941

Halkymyzda «Saglygym — baýlygym», «Saglyk — beglik» diýen ýörgünli jümleler bar. Şu jümleler ynsan saglygynyň gadyr-gymmatyny äşgär görkezýär. Dürli sebäpler ynsan saglygyna täsir edip bilýär. Önümçilikde goh hem bellibir derejede ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirip bilýär. Goh oba hojalyk işlerinde, önümçilik kärhanalarynda tehniki ýagdaýlar bilen bagly emele gelýär.

Önümçiligiň enjamlaryndan çykýan ýa-da başga emele gelýän gohlar adam bedenine täsir edýän hem bolsa, onuň saglygyna täsir etmegi gohuň derejesine (beýikligine) baglydyr. Ylmyň kesgitlemegine görä, gohuň derejesi rugsat edilýän derejä çenli adam saglygyna täsiri ujypsyz hasap edilýär. Emma gohuň derejesi rugsat edilýänden ýokary bolanda, onda ony peseltmek we adam saglygyny goramak işleriniň geçirilmegine girişilýär.

Ahmet BAÝRAMOW,
Ahal welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmany.
Beýleki habarlar