Saglyk üçin göreşmek gerek

12 Maý 2021
1185

Göni we ýogyn içegede köp görnüşli howply we howpsuz täze döreme keselleri orta we uly ýaşly adamlarda köp duşýan kesel bolmaklygynda galýar. Göni we ýogyn içegäniň keselleriniň 90 göterimi göni içegede we artbujakda gabat gelýär.

Göni içegäniň kesellerine, esasanam, zyýanly endikler — çilimkeşlik, spirtli içgileriň içilmegi, sport bilen yzygiderli meşgullanmazlyk, dowamly oturmak, iýmitiň bozulmagy, et-ýagyň, ajy, turşy miweleriň köp iýilmegi, aşa semizlik, täretiň bozulmagy, içiň dowamly gatamagy, ýa-da geçmegi sebäp bolup biler. Artbujakda esasan daşky we içki babasyl, jaýryklar, artbujagyň we onuň daşky dokumalarynyň iriňlemegi, iriňli ojagyň içegäniň içine ýa-da deriden daşyna deşilmegi, wirus sebäpli çişleriň döremegi, et ösüntgileriniň döremegi, bitmeýän ýaralaryň bolmagy, göni içegede bolsa et ösüntgileri, ýara-baş keseli, damar keselleri, her hili görnüşli çişler gabat gelýär. Bu keseller howply täze döremeleriň öň ýanyndaky dertler bolmak bilen wagtynda düýpli bejerilmedik ýagdaýynda olaryň howply täze döremelere öwrülmek ähtimallygy ýokarydyr.

Beýleki habarlar