Pyýada ýöremek peýdaly

14 Maý 2021
1068

Açyk howada ýöremek adamyň süňküni berkidýär, gan basyşyny sazlaşykda saklaýar, ýaglanma howpuny azaldyp, rahat dynç almagyny üpjün edýär we ömrüňi uzaldýar. Günüň dowamynda üç kilometrden gowrak aralygy ýöräp geçmek adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Ertir irden gezim etmek bedeniň janlanmagyna getirse, agşamky gezim ynsanyň rahat uklamagyna täsir edýär. Ukusyzlykdan kösenýän adamlar üçin ýöremek iň oňat dermandyr. Şonuň üçin-de şeýle adamlara her gün açyk howada ýöremek, günde agşamlyk nahardan soň, gezelenç etmek maslahat berilýär.

Açyk howada 40-45 minut ýöremek adamyň pikirleniş ukybyny hem ýokarlandyrýar. Käbir adamlar uzak bolmadyk aralyga-da pyýada ýöräp gitmän, ulagly gidenini kem görmeýärler. Şeýdip ulaga aşa endik edinýärler. Bu bolsa olarda gipodinomiýa — ýagny, az hereketliligiň döremegine sebäp bolýar. Wagtyň geçmegi bilen şeýle adamlarda ýaglanma, semizlik, ýürek-damar keselleri, bogun, bil, boýun agyrylary peýda bolup başlaýar.

Şatlyk ATAÝEW,
Babadaýhan etrap hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar