Berzeňňiniň melhem çeşmesi

12 Maý 2021
892

Aşgabat şäheriniň günortasynda ýerleşen melhemler mekanyna ýakynlaşyp barýarkaň onuň bedeniňe edýän oňyn täsirini duýýarsyň. Şypahananyň alyslardan görünýän kaşaň binasy keýpiňi göterse, içeri gireniňde garşy alýan ak ýektaýly lukmanlaryň hoşamaý sözleri bu ýerde şypa tapjagyňa uly ynam döredýär.

Şeýle psihologiki täsire gurşalyp, Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahananyň «Berzeňňi» ylmy şypahana bölüminiň ýerleşen binasynyň bosagasyndan ätleýän her bir adam oňat dynç almagy, bedenini dürli kesellerden saplamagy, immunitetini berkitmegi maksat edinýär. Şypahanada olaryň bu talaplaryny ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalar edilýär.

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň 16-njy Saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.
Beýleki habarlar