Ysmanak

14 Maý 2021
1267

Häzirki bahar günlerinde türkmen saçagynyň nygmatly tagamlarynyň biri-de ysmanakdyr. Ene-mamalarymyz ysmanakdan dürli milli tagamlary taýýarlap, onuň iýmit medeniýetimizde ymykly ornaşyp galmagyny gazanypdyrlar. Bu gün alymlar ysmanagyň diňe bir azyklyk iýmit hökmünde däl, eýsem dermanlyk häsiýetlerine-de baýdygyny subut etdiler.

Ysmanaklar maşgalasyna degişli bolan ysmanak birýyllyk otjumak ösümlik bolup, ol dünýäde iň giň ýaýran we azyk gymmatlygy ýokary bolan gök önüm hökmünde bellidir. Ysmanak çalt ösýän medeni ösümlikleriň biri bolup, has sowuk howaly ýerlerde ýyladyşhanalarda ýetişdirmäge oňaýlydyr. Ysmanak häzirki döwürde Hytaý, ABŞ, Ýaponiýa, Türkiýe ýaly ýurtlarda ýörite meýdanlarda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilýär.

Rejepmyrat HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar