Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip

12 Maý 2021
1081

Jemgyýetde sagdyn we işjeň durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegini möhüm wezipeleriň biri hökmünde öňe sürýän mähriban Arkadagymyz sportuň atçylyk, welosiped we awtomobil sporty, ylgaw, tennis hem-de beýleki dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ähli türkmen halkyna, ozaly bilen hem ýaşlara özüniň nusgalyk göreldesini görkezýär. Gahryman Arkadagymyz yzygiderli türgenleşigiň adamy diňe beden taýdan taplanmak bilen çäklenmän, eýsem, onda güýçli erkliligi, düzgün-nyzamlylygy, zähmete söýgini we maksadaokgunlylygy terbiýeleýändigini belleýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan Türkmenistan Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary derejeli sporty ösdürmekde görkezýän ýadawsyz nusgalyk işi netijesinde ýurdumyzda uzakmöhletleýin geljege niýetlenen döwlet maksatnamasyna guramaçylykly häsiýet berlendir. Bu ugurda alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri adamlary birleşdirýän we Watanymyzyň yzygiderli rowaçlanmagyna ýardam edýän milli taglymata öwrüldi.

Aýsenem NEPESOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar