"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Awaza: bosagada — tomus

Tomusky dynç alyş möwsümi barha golaýlaýar. Hormatly Prezidentimiziň ilatyň saglygyny berkitmek we göwnejaý dynç almagyny üpjün etmek baradaky tagallalary netijesinde, ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli şypahanalary bilen birlikde, şu ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alyşda bolup bilerler. Awazada dynç almak üçin lukmançylyk resminamasyny almagyň tertibi

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz aralygy saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Sagdynlyk ýörelgeleri rowaçlanýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň uly ösüşleri başdan geçirýändigi ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýyllyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyran beýik işleri aýdyň mysaldyr. Bu ajaýyp döwürde orta mekdeplerden başlap, ähli okuw mekdeplerinde bedenterbiýe okuw sapaklarynyň girizilmegi aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Bu okuw sapaklarynda okuwçylar we talyplar beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyň fiziki endiklerini ele alýarlar. Sportuň we bedenterbiýäniň düýp maksady ynsan saglygyny, sagdyn ösüşi, dostlugy, agzybirligi berkitmekden ybarat. Şeýle-de ýaşlarymyz sportuň, bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolan ýeňşe ymtylmak, ýeňiji bolmak ýaly häsiýetleri özünde terbiýeleýärler.

Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk

Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň köpüsinde pandemiýa häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjy sebäpli dörän kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde, halkymyzyň saglygyny goramak, bu howply ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri yzygiderli amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan ilatyň arasynda, edara-kärhanalarda, mekdeplerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Raýatlarymyzyň tomusky dynç alyş möwsüminde döwrebap dynç almaklary, saglyklaryny dikeltmekleri we berkitmekleri üçin ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda, dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli we şadyýan geçirmekleri üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede we ähli welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde möwsüme taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, ýokançlaryň öňüni alyş çäreleri geçirildi. Dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň howpsuz hem bökdençsiz dynç alşyny guramak, keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek, dynç alýan raýatlar ba

«Arçman» şypahanasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly barha uly rowaçlyklara beslenip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralary garaşsyzlyk ýyllary içinde ösüş ýolumyzda ýetilen belent sepgitleri bilen dünýä dolýar. Şan-şöhratly ösüşlere baý Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň saglygyny goramak hem esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu babatda şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm pudaklarynyň biridir. Ýurdumyzda ýerleşýän şypahanalar bejerijilik, saglygy dikeldiş ähmiýeti boýunça halkyň arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar. Şeýle şypahanalaryň biri bolan «Arçman» şypahanasy Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginde, Aşgabat şäherinden günbatarda 130 kilometr uzaklykda, Köpetdagyň Degirmendag diýen ýeriniň eteginde, deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýär. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz bu şypahananyň 420 orunlyk täze binasyny, 28 wannadan ybarat bolan goşmaça melhem suwlar bilen bejeriş merkezini dabaraly ýagdaýda açyp berdi. Şypahana döwrebap enjamlar bilen üpjün edilip, ol ýerde raýatlara ýokary hilli şypahana hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli şertler döredildi. Täze bina Arçmanda ozal hereket edýän 2 sany 5 gatly, 500 orunlyk binanyň üstüni ýetirdi we jemi 920 orunlyk döwrebap

Sagdynlygyň goragynda

Döwletli iliň toý-baýramy asylam goşa-goşadan gelýär. Şeýle şatlykly günleriň birinde Gahryman Arkadagymyz biziň hemmämize gymmatly toý serpaýyny bagyşlady. Ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň çäginde täze lukmançylyk dikuçary satyn alnyp getirildi. Şol gün «Watan» habarlar gepleşiginde bu görnüşleri synlan ildeşlerimiziň her biriniň gursagy guwanç, buýsanç duýgularyndan doldy. Özüň saglyk işgäri, lukman bolsaň welin, şeýle şatlygyň hümmetem, gymmatam üýtgeşik bolýar. Sebäbi biz «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni şygar edinýän döwletde ýaşaýarys. Türkmenistan häzirki çylşyrymly günlerde, dünýä ýagdaýlarynyň tiz-tizden üýtgäp durýan şertlerinde özüniň baş ugruna pugta eýerýär. Biziň ýurdumyzda adam, onuň saglygy hem bagtyýarlygy baş maksat, esasy gymmatlykdyr. Bu ynsanperwer ýörelgäniň durmuşyň her ädiminde aýdyň görünýän ilkinji ugurlarynyň biri-de, elbetde, saglygy goraýyş ulgamydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri adam saglygyny hem abadançylygyny ýurduň baş baýlygy diýip yglan etdi. Milli saglyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk döwrebaplaşdyrmak işlerine döwletimiz aýratyn üns berýär, bu işlere örän köp maýalyk serişdeleri gönükdirilýär. Iň täze tehnologiýalar, öňdebaryjy innowasiýalar pudaga gi

Arassaçylyk — saglyga serpaý

Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maşgala agzalarynyň her biriniň borjudyr. Ýöne şol kadalaryň zenan maşgalanyň gerdenine düşýän agramynyň welin, hetdi-hasaby ýokdur. Içeriniň, daş-töweregiň, maşgaladaky uly-kiçi hemmeleriň üst-başynyň arassaçylygy, serenjamy gönüden-göni zenan maşgalanyň ünsünde bolýar. Aşhananyň, azyk önümleriniň, gap-çanak saklanylýan ýerleriň we nahar bişirilýän ýeriň arassaçylygy gönüden-göni öý bikesiniň başarjaňlygyna baglydyr. Çünki arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar. Keseller, esasan, hapa ellerden, gowy ýuwulmadyk gök önümlerden we miwelerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitlerden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek islendik pursatda zerurdyr we muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Biz öz çagalarymyza ýönekeýje arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekligi häli-şindi ündäp durmalydyrys. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin hem biz öz çagalarymyza köpçülik ýerlerine çykanlarynda talap edilýän araçägi saklamalydygyny ýatladyp durmalydyrys. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan b

Timar berseň saçlaryna

Köp adam saçynyň agaryp başlandygyny görüp, ony boýamagyň kül-külüne düşüp başlaýar. Saçyň agarmagynyň garrylykdan başga-da, birnäçe sebäpleri bolup biler. Saçyňyzyň ir agarmagyny islemeýän bolsaňyz, onda aşakdaky maslahatlardan peýdalanyň. * * *

Zenanlara maslahatlar

Gazyň üstünde ýanyk yzlary bar bolsa, ýarysy kesilen sogany aşhana dürtgüjiniň ujuna dürtüp, sähel gyzdyrylan gazyň ýanyk ýerlerine sürtüp, tämizläp bilersiňiz. * * *

Söküň peýdasy

Bu sök gawundan däl-de, darynyň tohumyndan taýýarlanylýar. Sök üçin darynyň gowy bişen tohumlary saýlanyp alynýar. Ilki olar arassa suwda ýuwulýar. Soňra ýuwlan dary tohumlary suwda ýumşaýança gaýnadylýar. Ýumşandan soňra, gyzgyn gazanda biraz gyzardylyp gowrulýar. Gowrulan tohumlar sokuda, daşynyň gabygy aýrylýança döwülýär. Gabygy aýrylan dary şemala sowrulyp, gabyklaryndan doly arassalanýar. Süýtli gara çaýa atylyp, isle nabat, isle gant bilen iýilýän bu iýmit adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Ondan käsäňe ýa-da çäýnekdäki çaýa biraz atsaňam, ol tiz wagtdan çişýär hem-de çaýa aýratyn bir lezzetli tagam berýär. Gara çaýa atylyp iýlen sök adamy günuzyn dok saklaýar we onuň şähdini açýar.

Ýylgyryş

Durmuşda — abraý bilen baýlygyň ýa-da durmuşdan hoşal bolan güler ýüzlüligiň — haýsy hem bolsa birini saýla diýseler, elbetde, men pikirlenmän, güler ýüzlüligi saýlardym. Käbir adamlar bar, islendik zatdan şumluk we şowsuzlyk tapar. Käbirleri bar, islendik zatdan üstünlik, şowlulyk we bagt tapar. Käbir öý bikesiniň hatadan we hatardan başga zat gözüne ilmez. Her sagadyny, her minutyny sähetsiz, şowsuz geçen wagt hasaplar. Näme üçin, bilýäňizmi? Sebäbi döwlen bir käse üçin, nahara artyk atylan bir çümmük duz üçin, otagda aýagyna çolaşan birje sapak üçin... 

Şypahanalar ulgamy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alşy guramagyň tertibine laýyklykda dynç almaga gitmek üçin degişli lukmançylyk gözegçiliginden geçip, saglyk kepilnamasyny almaly. Lukmançylyk gözegçiligine 72 sagadyň dowamynda gidilende we gaýdylanda COVID-19 ýokanja test barlagyndan geçmeklik, şeýle hem 18 ýaşdan ýokary bolan raýatlara bolsa, gitmezinden 10 gün öň ýollanma hatlaryny alanlaryndan soňra, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite nokatlarda (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjymyny almaklyk degişlidir.

Çopandag sakarýorunjasy / Остролодочник чопандагский

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Çopandag sakarýorunjasy — kösükliler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 8—20 sm köpýyllyk otjumak wekili. Baldaksyz ösümlik, gysylan tüýlüje, ýaşylymtyl kümüşsowult ýa-da ýaşylymtyl reňkli. Porrugy gysga, kütüleşen, şahalanan, ýaprakýanynyň galyndysy bilen örtülen. Ýaprakýany perdeli, agymtyl reňkli, sapagy bilen berk bitişen, arkasynda gysylan ak tüýlüje, gyrasy kirpiklije. Ýapragy sapakly uzynlygy 2 sm-e çenli, tutuş kökýanynyň palajynyň uzynlygy 2—5 sm. Ýaprajygynyň sany 4—80 jübüt, çyzykly, ujy çowly, seýrek gysylan ak tüýlüje, uzynlygy 6—8 mm, ini 1—2 mm.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň! * * *

Gözellik we sagdynlyk

Gaýnap barýan suwa 2 nahar çemçe süle ýarmasyny, 1 ýumurtganyň agyny goşup, yzygiderli garmaly. Taýýar bolan melhemi sowandan soň gözüňiziň aşagyna çalyp, 15—20 minut goýmaly. Soňra mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgy derini nemlendirýär we ýaş görkezýär. * * *

Mollagara şypahanasyna hoş geldiňiz!

Ýurdumyzyň şypahanalarynyň işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramagy hormatly Prezidentimiz milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitledi. Netijede, bu ugurda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikler gazanylyp, Awaza, Berzeňňi, Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap, Mollagara, Daşoguz, Bagabat şypahanalarynyň sazlaşykly işleri ýola goýuldy. Bu şypahanalaryň ynsan saglygyna peýdaly taraplary barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzda ýa-da diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä ýüzünde meşhur bolan Mollagara şypahanasynda hem müň bir derdiň dermany bar. Mollagara şypahanasynyň melhemleriniň meşhur bolmagynda onuň şor suwly kölüniň hem-de gyrmançaly gara palçygynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ajaýyp kitabynda şeýle ýazýar: «Mollagara şypahanasynyň palçygy ýokary bejeriş güýjüne eýedir. Ol palçyk şypahanadan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän kölden alynýar. Bu palçygyň gory örän kändir».

Şatlyk-şowhuna beslendi

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2021» telebäsleşiginiň Esenguly etrap tapgyry ruhubelentlige beslendi. Etrap medeniýet merkezinde geçirilen bäsleşige etrabyň oba-şäherçelerinden ýaş höwesjeň aýdymçylaryň dokuzysy gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşikde etrabyň Şahman, Garadegiş, Ajyýap obalarynyň, Ekerem şäherçesiniň medeniýet öýleriniň aýdymçylary Hajymämmet Babaýew, Dörtguly Kerimow, Zaman Garlyýew, Ýunus Aşyrdurdyýew dagy ýeňijiler diýlip yglan edildi hem-de bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Wagyz-ündew çäresi

Magtymguly etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda wagyz-ündew çäresi geçirildi. Bilim işgärleriniň we mekdep okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen çärede çykyş edenler sagdyn durmuş ýörelgesi we dost-doganlyk gatnaşyklary dogrusynda gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaş nesliň sagdyn ruhly, berk bedenli bolup ýetişmekleri ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden dogry peýdalanmagy ündediler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Il saglygy — ýurt baýlygy

Röwşen geljegimiziň aladasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda gözel Diýarymyz batly gadamlar bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda saglygy goraýyş ulgamynyň has-da kämilleşdirmegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň, yzygiderli ulanylmaga berilmegi netijesinde ynsan saglygyny gorap saklamak gönüden-göni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.