Mollagara şypahanasyna hoş geldiňiz!

25 Maý 2021
816

Ýurdumyzyň şypahanalarynyň işini döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda guramagy hormatly Prezidentimiz milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň biri hökmünde kesgitledi. Netijede, bu ugurda gysga döwrüň içinde uly öňegidişlikler gazanylyp, Awaza, Berzeňňi, Arçman, Ýyly suw, Baýramaly, Farap, Mollagara, Daşoguz, Bagabat şypahanalarynyň sazlaşykly işleri ýola goýuldy.

Bu şypahanalaryň ynsan saglygyna peýdaly taraplary barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ajaýyp kitabynda giňişleýin beýan edilýär. Ýurdumyzda ýa-da diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýä ýüzünde meşhur bolan Mollagara şypahanasynda hem müň bir derdiň dermany bar. Mollagara şypahanasynyň melhemleriniň meşhur bolmagynda onuň şor suwly kölüniň hem-de gyrmançaly gara palçygynyň möhüm ähmiýeti bardyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly ajaýyp kitabynda şeýle ýazýar: «Mollagara şypahanasynyň palçygy ýokary bejeriş güýjüne eýedir. Ol palçyk şypahanadan uzak bolmadyk ýerde ýerleşýän kölden alynýar. Bu palçygyň gory örän kändir».

Amanmyrat GYLYÇTAGANOW,
Mollagara şypahanasynyň baş lukmany.
Beýleki habarlar