Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk

26 Maý 2021
828

Häzirki wagtda dünýä döwletleriniň köpüsinde pandemiýa häsiýete eýe bolan COVID-19 ýokanjy sebäpli dörän kynçylyklara garamazdan, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalarynyň netijesinde, halkymyzyň saglygyny goramak, bu howply ýokanjyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, toplumlaýyn öňüni alyş çäreleri yzygiderli amala aşyrylýar. Saglygy goraýyş işgärleri tarapyndan ilatyň arasynda, edara-kärhanalarda, mekdeplerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat, düşündiriş işleri geçirilýär. Raýatlarymyzyň tomusky dynç alyş möwsüminde döwrebap dynç almaklary, saglyklaryny dikeltmekleri we berkitmekleri üçin ýurdumyzda hereket edýän şypahanalarda, dynç alyş merkezlerinde, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini täsirli we şadyýan geçirmekleri üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Gökderede we ähli welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde möwsüme taýýarlyk işleri bilen bir hatarda, ýokançlaryň öňüni alyş çäreleri geçirildi.

Dynç alyş möwsüminde raýatlarymyzyň howpsuz hem bökdençsiz dynç alşyny guramak, keselleriň öňüni almak boýunça wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini yzygiderli geçirmek, dynç alýan raýatlar barada degişli maglumatlary jemlemek wezipesini amala aşyrmak maksady bilen, dynç alyş möwsüminiň dowam edýän döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Dolandyryş merkezi döredildi we onuň wezipeleri, ygtyýarlyklary kesgitlenildi. Dolandyryş merkeziniň düzümi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekillerinden ybarat bolup, oňa Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri ýolbaşçylyk edýär. Dolandyryş merkezi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda hereket eder. Şeýle hem 2021-nji ýylyň 1-nji iýuny — 1-nji sentýabry aralygynda dynç alşy guramak boýunça Dolandyryş merkeziniň welaýatlarda we Aşgabat şäherinde şahamçalary dörediler. Baş dolandyryş merkezi bolsa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde hereket eder.

Daşoguz welaýat Saglygy goraýyş müdirligi.
Beýleki habarlar