Söküň peýdasy

25 Maý 2021
1527

Bu sök gawundan däl-de, darynyň tohumyndan taýýarlanylýar. Sök üçin darynyň gowy bişen tohumlary saýlanyp alynýar. Ilki olar arassa suwda ýuwulýar. Soňra ýuwlan dary tohumlary suwda ýumşaýança gaýnadylýar. Ýumşandan soňra, gyzgyn gazanda biraz gyzardylyp gowrulýar. Gowrulan tohumlar sokuda, daşynyň gabygy aýrylýança döwülýär. Gabygy aýrylan dary şemala sowrulyp, gabyklaryndan doly arassalanýar.

Süýtli gara çaýa atylyp, isle nabat, isle gant bilen iýilýän bu iýmit adam saglygy üçin örän peýdalydyr. Ondan käsäňe ýa-da çäýnekdäki çaýa biraz atsaňam, ol tiz wagtdan çişýär hem-de çaýa aýratyn bir lezzetli tagam berýär. Gara çaýa atylyp iýlen sök adamy günuzyn dok saklaýar we onuň şähdini açýar.

Taýýarlan: Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
Beýleki habarlar