Arassaçylyk — saglyga serpaý

25 Maý 2021
1217

Arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek maşgala agzalarynyň her biriniň borjudyr. Ýöne şol kadalaryň zenan maşgalanyň gerdenine düşýän agramynyň welin, hetdi-hasaby ýokdur. Içeriniň, daş-töweregiň, maşgaladaky uly-kiçi hemmeleriň üst-başynyň arassaçylygy, serenjamy gönüden-göni zenan maşgalanyň ünsünde bolýar. Aşhananyň, azyk önümleriniň, gap-çanak saklanylýan ýerleriň we nahar bişirilýän ýeriň arassaçylygy gönüden-göni öý bikesiniň başarjaňlygyna baglydyr. Çünki arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegi her möwsümde ýüze çykyp biljek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni alýar.

Keseller, esasan, hapa ellerden, gowy ýuwulmadyk gök önümlerden we miwelerden, talabalaýyk bişirilmedik iýmitlerden we arassalanylmadyk suwdan geçýär. Arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek islendik pursatda zerurdyr we muny biziň her birimiz öz maşgalamyzdan başlamalydyrys. Biz öz çagalarymyza ýönekeýje arassaçylyk kadalaryny berjaý etmekligi häli-şindi ündäp durmalydyrys. Keseller howa-damja ýoly bilen näsag adamlaryň üsgürmeginde, asgyrmagynda, gürlemeginde, köp adamly ýerlerde örän çalt ýaýraýar. Şonuň üçin hem biz öz çagalarymyza köpçülik ýerlerine çykanlarynda talap edilýän araçägi saklamalydygyny ýatladyp durmalydyrys. Şeýle-de şu günler howanyň düzüminde tozan bölejikleriniň möçberiniň kadadan artmagy bilen baglanyşykly häzirki wagtda howa şertleriniň adam bedenine ýetirýän oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak üçin köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde bolýan wagtlary agyz-burun örtüklerini talabalaýyk ulanmaklaryny gazanmalydyrys.

Gözel MERETDURDYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 11-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany.
Beýleki habarlar