Sagdynlyk ýörelgeleri rowaçlanýar

26 Maý 2021
868

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýäniň uly ösüşleri başdan geçirýändigi ildeşlerimiziň her birini buýsandyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň geçen 30 ýyllyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyran beýik işleri aýdyň mysaldyr.

Bu ajaýyp döwürde orta mekdeplerden başlap, ähli okuw mekdeplerinde bedenterbiýe okuw sapaklarynyň girizilmegi aýratyn uly ähmiýete eýe bolýar. Bu okuw sapaklarynda okuwçylar we talyplar beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyň fiziki endiklerini ele alýarlar. Sportuň we bedenterbiýäniň düýp maksady ynsan saglygyny, sagdyn ösüşi, dostlugy, agzybirligi berkitmekden ybarat. Şeýle-de ýaşlarymyz sportuň, bedenterbiýäniň aýrylmaz bölegi bolan ýeňşe ymtylmak, ýeňiji bolmak ýaly häsiýetleri özünde terbiýeleýärler.

Myratgeldi HALMUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany A.Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.
Beýleki habarlar