"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

«Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşigi geçirildi

Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 41-nji çagalar bakja-bagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan terbiýeçiler gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşik üç şertden ybarat boldy. Birinji şert boýunça terbiýeçileriň sapakda ulanýan görkezme esbaplaryna, mowzugyň mazmunyny açyp görkezişlerine, häzirkizaman tehnologiýalardan baş çykaryşlaryna, döwrebap usullardan, goşmaça maglumatlardan ýerlikli peýdalanyşlaryna, sözleýiş medeniýetine, körpeleriň işjeňligini artdyryş ukyplaryna baha berildi.

Wagyz-nesihat çäresi

Bagtyýar durmuş — sagdyn ýaşaýyş Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdepde etrap bilim bölüminiň hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Wekilbazar etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda “Bagtyýar durmuş — sagdyn ýaşaýyş” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa etrapdaky orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlary hem-de okuwçylary gatnaşdylar.

Halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi

Halkara matematika olimpiadasy

Düýn — 4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän IV Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS — 2024) açylyş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we talyplary çykyş etdi. Olimpiada dünýäniň dürli ýurtlaryndan, ýagny Bolgariýadan, Hytaýdan, Russiýadan, Özbegistandan Ispaniýadan, Saud Arabystanyndan ýokary okuw mekdepleriň talyplary gatnaşýar. Düzgünnama laýyklykda, «OMOUS — 2024» olimpiadasy şahsy we toparlaýyn bäsleşikler görnüşinde geçirilýär. Şahsy bäsleşik «A» we «B» derejelerde geçirilip, «A» derejä matematika we oňa ýakyn ugurlarda okaýan talyplar, «B» derejelä bolsa beýleki hünärler boýunça bilim alýan talyplar gatnaşyp bilýär.

IV Açyk halkara matematika olimpiadasyna badalga berildi

Ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde bilim-terbiýe almagyna, zehinlerini açmagyna hem-de olary hemmetaraplaýyn kämilleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, üstünlikli çykyş etmegi, şeýle-de ýurdumyzda halkara olimpiadalaryň yzygiderli geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

Halkara matematika olimpiadasy başlandy

Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesliň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi, döwletimiziň we jemgyýetimiziň syýasy, ykdysady, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertler döredilýär. Munuň özi döwletde amala aşyrylýan beýik işlere, oňyn özgertmelere ýaşlaryň mynasyp goşant goşmagyna ýardam edýär. Halkara bäsleşikleriň netijelerinde hem bu hakykata göz ýetirmek bolýar.   Şu gün, 4-nji martda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde IV Açyk halkara matematika olimpiadasy dabaraly ýagdaýda başlady. Ýeri gelende bellesek, Açyk halkara matematika olimpiadasy ýurdumyzda ikinji gezek geçirilýär.

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär. Önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy beýik ösüşlerimiziň, belent üstünliklerimiziň özeni bolup durýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de beýik ösüşlere ýetirmekde belent maksatlar durmuşa geçirilýär. Şunda ähli ösüşleriň binýady bolan ylym-bilimi ösdürmek we halkara tejribäni baýlaşdyrmak, ýaşlara döwrebap bilim öwretmek aýdyň maksatlardyr. Şeýle asylly maksatlar bilen, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalarynyň birnäçesi geçiriler. Ynha, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hem 2024-nji ýylyň mart aýynyň 4-8-i aralygynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirilýär. Munuň özi ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini, ýaşlaryň bilimleriniň barha kämilleşdirilýändigini aýdyň beýan edýär. Ylymly-bilimli, kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir. Sowatly, ýokary hünärli kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmegiň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek örän ýerlikli bolsa gerek. Berka

Hünär derejesi ýokarlandyryldy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde beýik işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda bilim işgärleriniň, mekdep ýolbaşçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynda Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary, etrap, şäher usuly birleşmeleriniň ýolbaşçylary bilen usuly-amaly okuw geçirildi. Bu usuly-amaly okuwa gatnaşyjylar öz iş tejribelerini kärdeşleri bilen paýlaşyp, özara pikir alyşdylar.

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Okuwçylara dil öwretmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Öňdebaryjy usullar yzygiderli ornaşdyrylyp, ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak bilim ulgamynda esasy ugurlaryň biridir. Şeýle asylly maksatlar bilen giň gerimli işler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde hem, her bir geçilýän sapaklar usulyýetiň döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Şeýle hem sapaklarda döwrebap kompýuterlerden, multimedia tagtalardan, lingafon otaglardan peýdalanylýar. Munuň özi sapagyň guralyşynyň döwrebaplygyny, kämilligini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa zehinli ýaşlaryň kemala gelmegine, dünýägaraýyşlarynyň ösmegine oňat täsir edýär. Orta mekdepleriň 3-nji synp okuwçylaryna rus dili sapagy geçilýär we sapakda olaryň rus dilinde okap bilmekleri üçin başlangyç düşünjeler berilýär. Şunda rus dili sapagy üçin kitapda dürli ýeňil tekstler berilýär, harplary tanamaklary üçin ýeňillikli usullar görkezilýär. Sapakda geçilýän mowzugyň okuwçylara düşnükli bolmagy üçin döwrebap usullardan peýdalanmak bolar, ýagny okuw kitabyndan, multimedia tagtasyndan we şekilli görnüşlerden peýdalanylsa, oňat netijeleri berýär.

Bilim we terbiýe

Ýaşlaryň döwrebap bilim alyp, Watanymyzyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmeklerinde mugallymyň aýratyn orny bar. Mugallymlar ýaşlaryň Watanyny söýýän, halkymyza, ene-atasyna, ula hormat goýýan, kiçini sylaýan, eli hünärli bolup ýetişmekleri üçin dürli iş usullaryny utgaşykly alyp barýarlar. Ýaşlar bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik işleri asylly ýörelgelerden ugur alýar. Bu işde mekdep bilen maşgalanyň jebis aragatnaşyk saklamagy möhümdir. Her bir mugallymyň okadýan dersini we ony okatmagyň usulyýetini ýokary derejede bilmegi onuň hünär ussatlygyny kesgitleýän esasy görkezijileriň biri hasaplanylýar. Mugallym sapagy guramak bilen birlikde, terbiýeçilik işlerine hem ýolbaşçylyk edýär. Okuwçylaryň döredijilik başlangyçlaryny kemala getirýär we ösdürýär. Mugallym okatmagyň didaktikada göz öňüne tutulan dürli usullaryndan ýerlikli peýdalanyp, sapagyny gyzykly guramagy başarmalydyr. Çagalara bilim mugallym tarapyndan berilýän hem bolsa, terbiýeçilik işi ata-ene, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde alnyp barylýar. Şonuň üçin mekdeplerde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işlerini maşgaladan üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Berilýän bilimdir terbiýe şahsyýetiň şahsy aýratynlygyny kemala getirýär. Şonuň üçin okuw-terbiýeçilik işi diňe bir o

Dil bilen dünýäni açar

Ylym adamy bagta ýetirýän baýlyk, ösüşlere eltýän gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň her biriniň şol arzyly baýlyga eýe bolmagy, ylym hazynasyndan ýeterlik paýyny almagy ugrunda ähli zerur şertler, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmegine-de möhüm üns berilýär. Çünki dil bilmek ýaşlar üçin dünýä ylmyna aralaşmagyň, häzirki zaman tehnologiýalary, innowasiýalar baradaky täzeliklerden dessin habarly bolup, döwür bilen aýakdaş gitmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu babatda ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmen halky hemişe-de ýaş nesilleriniň sowatly bolmagy, hünär öwrenmegi, şonuň bilen birlikde, dil bilmegi babatda tagallasyny-da, serişdesini-de gaýgyrman, ýaşlary kämil şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmek meselesinde muny esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitläpdir. Baryp birnäçe müň ýyl mundan ozal nesilbaşymyz Oguz han Türkmen hem nesillerine bilimiň uly baýlykdygyny nygtap, oňa eýe bolmak üçin dil öwrenmegi ündäpdir. Halkymyzyň paýhas hazynasynda

Saz-söhbetli dabara

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli saz-söhbetli dabara geçirildi. Diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli guralan şeýle çäre ilkinji gezek däldir. Mekdebimizde dana şahyrymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen baý mazmunly çäreleriň uly toparyny geçirmek meýilleşdirildi. Şolaryň birnäçesi eýýäm geçirildi. Olara ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk we öwüt-nesihat beriji goşgulary ýaş nesle aýratyn ýakymly täsirini ýetirýär.

Sanly bilim ulgamy – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, olaryň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ý

Bilim ulgamynyň innowasion ösüşi - kämil geljegiň binýady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem innowasion we tehnologiki esasda ösdürilýär. Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze many-mazmuna eýe boldy. Çünki häzirki döwürde maglumat we aragatnaşyk ulgamy, kompýuter tehnologiýasy uly ösüşlere eýedir. Ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, okatmagyň häzirki döwre laýyk täze usullaryny işläp düzmek, halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň innowasion ösüşine laýyklykda, maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly hyzmatlary hödürlemegiň ähli basgançaklary ýokary hilli elektron maglumatlary bilen üpjün edilýär. Sanly serişdeleriň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyp, sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmakda, sanly maglumat gorunyň alnyp barylýan işlerde hemmeler üçin elýeterliligini üpjün etmekde hem-de sanly ulgamy yzygiderli kämilleş

Bilimler mekany

Ählimize mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyz bilimler mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde bu gün ýurdumyzyň geljegi bolan ylymly, bilimli, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlar kemala gelýär. Ýürekleri okamaga, öwrenmäge bolan höwesden, eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşandyny goşmaga hyjuwdan pürepür ýaşlar häzirki zaman tehnologiýalardan baş çykaryp, döwür bilen deň gadam urýarlar. Geçen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň gerimli mümkinçiliklere baý boldy. Ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bu ýylda alnyp barlan işler hakynda hormatly Prezidentimiziň fewral aýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýratyn durlup geçildi. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralarynyň ençemesi, tutuş ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Ýokary bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO kafedralary, 3 sany ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler t

Harby okuwçylarymyzyň üstünlikleri

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron hyzmatlary ulanmagyň gerimini giňeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem döwrebap tilsimatlardan we tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak, şeýle hem onuň mümkinçiliklerini ykdysady kuwwatymyzy artdyrmaga gönükdirmek şu günüň gaýragoýulmasyz meseleleridir. Şeýlelikde, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny täze we kämil tehnologiýalara geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň ösüşi, esasan, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenilýär. Ýakynda TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinden harby okuwçylarymyz Akmyrat Jumamyradow, Meret Döwletow we Alişer Azadow hem-de Nuralin Abdullaýew «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň şäher tapgyryna öz taslamalary bilen gatnaşyp, baýrakly 2-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.

Magtymguly Pyragy — Watansöýüji şahyr

Ýakynda şeýle at bilen TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeni çäre guraldy. Oňa harby okuwçylar bilen birlikde welaýat çagalar kitaphanasynyň, çeperçilik mekdebiniň işgärleri hem gatnaşdylar. Çärede harby mekdebiň mugallymy Bahargül Mätdurdyýewa çykyş edip, akyldar şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň etdi. Kitaphanaçylar bolsa Magtymguly atamyzyň kitaplaryna bagyşlanan sergini gurap, kitap tekjelerinde goýlan eserler hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Çeperçilik mekdebiniň mugallymlary hem ýakynda dana Pyragynyň eserleri boýunça geçirilen surat çekmek bäsleşigi barada aýdyp, ýeňiji bolan işleriň birnäçesi bilen tanyşdyrdylar. Medeni çäre oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dil — bilimiň açary

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamynda, aýratyn hem Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwretmekde uly ösüşler gazanylýar. Ýakynda TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde iňlis dili dersinden görelde sapagy guraldy. Sapakda interaktiw tagtanyň ulanylmagy harby okuwçylaryň temalary gowy özleşdirmegine itergi berdi. Şeýle-de iňlis dili sapagynda wideoşekilleriň we audioýazgylaryň giňden peýdalanylmagy, harby okuwçylaryň geçirilen temany has-da gowy özleşdirmeklerine ýardam etdi.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Körpe nesliň aladasynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde nesil terbiýesi çagalar baglaryndan başlanyp, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän nesliň edep-terbiýeli, ylym-bilimli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp neslini kemala getirmekdäki ýadawsyz alada çagalar baglaryndan gözbaş alýar.