Saz-söhbetli dabara

29 Fewral 2024
365

Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdepde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli saz-söhbetli dabara geçirildi.

Diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, tutuş Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli guralan şeýle çäre ilkinji gezek däldir. Mekdebimizde dana şahyrymyzyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen baý mazmunly çäreleriň uly toparyny geçirmek meýilleşdirildi. Şolaryň birnäçesi eýýäm geçirildi. Olara ýaşlarymyz uly höwes bilen gatnaşdylar. Magtymguly Pyragynyň watançylyk we öwüt-nesihat beriji goşgulary ýaş nesle aýratyn ýakymly täsirini ýetirýär.

Güljan JUMAŞOWA,
Türkmenabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar