Dil bilen dünýäni açar

1 Mart 2024
551

Ylym adamy bagta ýetirýän baýlyk, ösüşlere eltýän gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Diýarymyzda bagtyýar ýaşlarymyzyň her biriniň şol arzyly baýlyga eýe bolmagy, ylym hazynasyndan ýeterlik paýyny almagy ugrunda ähli zerur şertler, döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Şunda ýaş nesilleriň daşary ýurt dillerini öwrenmegine-de möhüm üns berilýär. Çünki dil bilmek ýaşlar üçin dünýä ylmyna aralaşmagyň, häzirki zaman tehnologiýalary, innowasiýalar baradaky täzeliklerden dessin habarly bolup, döwür bilen aýakdaş gitmegiň wajyp şertleriniň biridir. Bu babatda ýurdumyzda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Türkmen halky hemişe-de ýaş nesilleriniň sowatly bolmagy, hünär öwrenmegi, şonuň bilen birlikde, dil bilmegi babatda tagallasyny-da, serişdesini-de gaýgyrman, ýaşlary kämil şahsyýetler edip terbiýeläp ýetişdirmek meselesinde muny esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitläpdir. Baryp birnäçe müň ýyl mundan ozal nesilbaşymyz Oguz han Türkmen hem nesillerine bilimiň uly baýlykdygyny nygtap, oňa eýe bolmak üçin dil öwrenmegi ündäpdir. Halkymyzyň paýhas hazynasynda dil baýlygy, ony öwrenmegiň durmuşdaky uly ähmiýeti bilen bagly dürdäne sözler mynasyp orun eýeleýär. «Dil döwletdir», «Dil — akylyň açary», «Dilim bar — dünýäm bar», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil baýlygy — il baýlygy» ýaly atalar sözleri munuň aýdyň mysallarydyr. Bu parasatly jümleler ata-babalarymyzyň sözleýiş medeniýetine, dil öwrenmek meselesine näderejede uly ähmiýet berendigini tassyklaýar. Bular bilen birlikde, il arasynda «Dil bilen dünýäni açar» diýen aýtgy hem ýörgünlidir. Elbetde, bu birnäçe dili bilýän adamyň mümkinçilikleriniň çygrynyň hem şonça esse artýandygy bilen baglanyşyklydyr. Dil — her bir halkyň ruhy baýlygy, milli gymmatlygy. Şoňa görä-de, dilini öwrenmek bilen, başga bir halkyň ruhy dünýäsine, medeniýetine, umuman, ýaşaýyş-durmuş aýratynlyklaryna göz ýetirip bolýar. Hut şonuň üçin hem diller dostlugyň açary, raýdaşlygyň, ýürekdeşligiň ýoludyr.

Dawut EMIROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar