Magtymguly Pyragy — Watansöýüji şahyr

28 Fewral 2024
439

Ýakynda şeýle at bilen TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, medeni çäre guraldy. Oňa harby okuwçylar bilen birlikde welaýat çagalar kitaphanasynyň, çeperçilik mekdebiniň işgärleri hem gatnaşdylar. Çärede harby mekdebiň mugallymy Bahargül Mätdurdyýewa çykyş edip, akyldar şahyryň ömri we döredijiligi barada gürrüň etdi. Kitaphanaçylar bolsa Magtymguly atamyzyň kitaplaryna bagyşlanan sergini gurap, kitap tekjelerinde goýlan eserler hakynda gyzykly gürrüň berdiler. Çeperçilik mekdebiniň mugallymlary hem ýakynda dana Pyragynyň eserleri boýunça geçirilen surat çekmek bäsleşigi barada aýdyp, ýeňiji bolan işleriň birnäçesi bilen tanyşdyrdylar. Medeni çäre oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Bahar HOJAKOWA,
TGM-niň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar