Sanly bilim ulgamy – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

29 Fewral 2024
265

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler, gazanylýan üstünlikler bilen geljege has ynamly gadam urmaga borçlandyrýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan işler aýratyn hem ýaş nesle çuňňur ylym, bilim bermekde öz beýanyny tapýar. Bilim ulgamynyň sazlaşykly ösüşini gazanmaga, ýaşlarymyzyň ylym-bilim almagy üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi bolsa, ilkinji nobatda, ussat, başarjaň, kämil hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygyny ýüze çykarýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler has-da ýokarlanyp, uly rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi her bir adamda asylly maksatlaryň bolmagyny, olaryň kämilligiň belentliklerine, üstünliklere ýetmegini, täze bilimleri yzygiderli özleşdirmegini şertlendirýär. Kämil bolmak üçin yzygiderli okamak, tejribe alyşmak, özara maslahatlaşmak, işiňe döredijilikli çemeleşmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýip belleýär. Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ýaşlaryň ylym-bilimine, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly üns berilýär. Bu bolsa röwşen geljegimiz bolan ýaşlar hakyndaky aladanyň aýdyň beýanydyr.

Tawus MÄMETJUMAÝEWA
Saýat etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň işjeň agzasy
Beýleki habarlar