Bilimler mekany

28 Fewral 2024
363

Ählimize mälim bolşy ýaly, eziz Watanymyz bilimler mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary netijesinde bu gün ýurdumyzyň geljegi bolan ylymly, bilimli, beden we ruhy taýdan kämil ýaşlar kemala gelýär. Ýürekleri okamaga, öwrenmäge bolan höwesden, eziz Diýarymyzyň beýik ösüşlerine özleriniň mynasyp goşandyny goşmaga hyjuwdan pürepür ýaşlar häzirki zaman tehnologiýalardan baş çykaryp, döwür bilen deň gadam urýarlar.

Geçen «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin giň gerimli mümkinçiliklere baý boldy. Ylymly-bilimli nesilleri terbiýelemäge, bilim işini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bu ýylda alnyp barlan işler hakynda hormatly Prezidentimiziň fewral aýynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýratyn durlup geçildi. Hasabatlardan mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde täze bilim edaralarynyň ençemesi, tutuş ýurdumyz boýunça çagalar baglarynyň we orta mekdepleriň onlarçasy açyldy. Ýokary bilim ojaklarynyň ikisinde ÝUNESKO kafedralary, 3 sany ýokary hünär bilim edarasynda ÝUNESKO klublary açyldy. 6 sany orta mekdep bolsa bu guramanyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi. Okuw kitaplarydyr gollanmalaryň 3057-si makullanyldy. Şeýle hem, ýokary okuw mekdeplerine halkara reýtinglere goşulandygyny tassyklaýan şahadatnamalar gowşuryldy. Alnyp barylýan şeýle guwandyryjy işler ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi bilen bir hatarda, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikleriň halkara derejelerine çenli geriminiň giňelýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakynda edýän taýsyz tagallalarynyň buýsandyryjy netijesidir.

Maýa HOJAGULYÝEWA,
Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiň mugallymy, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar