"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Durnukly ösüş maksatlary ugrunda

24-nji martda Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Parahatçylyk we ynanyşmak: köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bütin dünýäde dabaralanýan ýyly bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Muny 24-nji martda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat maslahaty hem doly tassyklaýar. Bu onlaýn duşuşyga «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bulardan başga-da, agzalan duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň «AzerTAj» Döwlet habarlar agentliginiň, «Aztv» halkara radiosynyň, Gruziýanyň «TW-24» teleýaýlymynyň, şeýle hem Ermenistanyň «ARMENPRESS» habarlar agentliginiň hem-de beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Golaýda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly “Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy” atly metbugat maslahaty geçirildi. Onlaýn duşuşyga “Mir” döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň “TRT” teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň “Russia Today” halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), “Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň, Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň “AzerTAj” Döwlet habarlar agentliginiň, “Aztv” halkara radiosynyň, Gruziýanyň “TW-24” teleýaýlymynyň, Ermenistanyň “Armenpress” habarlar agentliginiň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Döwlet habarlar agentliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr işgärleri wekilçilik etdiler.

Pudagara toparyň mejlisi

Golaýda Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Halkara metbugat maslahaty

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça Pudagara toparynyň mejlisi

AŞGABAT, 24-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlise birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Adalatçy, şeýle hem ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebit wekili hem-de Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysy gatnaşdylar.

Dost-doganlygyň nyşany

Halkara Nowruz gününiň dabaralary gadymy Ahal ýaýlasynda hem şatlyk-şagalaňa beslenýär. Milli bahar baýramy bilen goşalanyp bellenilýän bu ajaýyp sene mynasybetli Ahal welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň hem-de goňşy ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkeziniň guramagynda geçirilen çäreler baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ahal welaýat häkimliginiň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Medeniýet we yslamy ugrukdyryş Baş müdirliginiň wekilleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen wideomaslahat has-da täsirli boldy. Welaýat häkimliginde bolan wideomaslahatda iki goňşy ýurduň wekilleri birek-biregi Halkara Nowruz baýramy mynasybetli gutlagda bu ajaýyp senäniň ähmiýetini bellediler. Onuň barşynda edilen çykyşlarda häzirki wagtda iki goňşy ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki ugurlarda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklarynyň täze belentliklere çykýandygy, iki ýurduň Liderleriniň tagallalary netijesinde halklarynyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygy barada guwanç bilen gürrüň etd

Türkmen diplomatiýasy: ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan dünýäniň syýasy, hukuk, ykdysady we medeni giňişligine üstünlikli goşulyşýar. Garaşsyz döwletimiz 150-ä golaý daşary ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklary hem-de dünýäniň 100-den gowrak ýurdy bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barýar. Türkmenistan 50-ä golaý halkara guramalaryň agzasy bolup, 150-den gowrak halkara konwensiýalara, şertnamalara we köptaraplaýyn resminamalara gatnaşýar. Munuň özi türkmen diplomatiýasynyň netijeli durmuşa geçirilýändiginiň, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň örüsiniň has-da giňeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasaty «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan özüniň baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp, köptaraplaýyn daşary syýasaty alyp barýar. «Ulag diplomatiýasy», «energetika diplomatiýasy» we «suw diplomatiýasy» ýaly düşünjeleriň adamzat durmuşynda möhüm orun eýeleýän häzirki zaman şertlerinde ýurdumyz degişli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirýär. Muňa agzalan ugurlarda Watanymyzyň umumadamzat ähmiýetli öňe sürýän oňyn halkara ba

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistan — ýunesko: sazlaşykly hyzmatdaşlygyň hukuk esaslary

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe medeniýeti ösdürmek, medeni mirasymyzy gorap saklamak hem-de milli gymmatlyklarymyzy dikeltmek boýunça ummasyz köp işleri durmuşa geçirýär. Mälim bolşy ýaly, her bir halkyň milli medeniýeti, däp-dessurlary, özboluşly geçmiş taryhy bar. Her bir millet öz ruhy-medeni gymmatlyklary bilen öňe çykýar. Türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda adamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öz mynasyp goşandyny goşupdyr. Medeni mirasy goramagyň, nesilden-nesle geçirmegiň mazmuny we maksady asyrlaryň dowamynda kemala gelen we dünýäniň, adamzadyň medeni ösüşine goşant goşan ata-babalarymyzyň döreden paýhasly ýörelgelerinden ugur almakdyr. Biziň ýurdumyz bu günki gün birnäçe halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny hemişe görkezýär.

Dost-doganlyk gatnaşyklary berkeýär

Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda taraplaryň bähbitlerini hiç bir babatda ünsden düşürmeýän ygtybarly hyzmatdaşdyr. Munuň özi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli taglymatynyň aýdyň dabaralanmasydyr. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda dostluk, goňşuçylyk däp-dessurlary eziz Diýarymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda aýdyň ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, indi birnäçe ýyl bäri türkmen elektrik energiýasy Owganystan Yslam Respublikasyna üznüksiz ugradylýar. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da täze derejä çykarýar. Elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport edýän ýurt hökmünde Türkmenistan barha uly kuwwatlyklara eýe bolýar.

Sebitiň durnukly ösüşinde Türkmenistanyň möhüm orny

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny döwrebap ösdürmek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden başlap goňşy döwletleriň ählisi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny giň gerimde ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly yhlas siňdirip gelýär. Sebitde sazlaşykly ösüşiň rowaçlanmagynda halkara bileleşikleriň we guramalaryň aýratyn orun eýeleýändigini bellemek gerek. Şonuň ýaly halkara guramalaryň biri 1985-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň gatnaşmaklarynda döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Geçen, XX asyryň soňky onýyllygynda dünýäde emele gelen geosyýasy ýagdaý, ýagny SSSR-iň synmagy netijesinde onuň düzüminde bolan soýuz respublikalaryň özbaşdak syýasaty ýöredýän Garaşsyz döwletlere öwrülmegi bu guramanyň göwrüminiň giňelmegini şertlendirdi. Netijede, bu hökümetara guramasyna agza bolan ýurtlaryň sany ona ýetdi. Häzir onuň düzüminde ony esaslandyran üç döwletden başga-da Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy, Azerbaýjan Respublikasy hem-de Owganystan Yslam Respublikasy bar.

Geljegi nazarlaýan oňyn hyzmatdaşlyk

12-nji martda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oňyn daşary syýasat ugruny amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýär. Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri wajyp orun eýeleýär.

Ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk

Golaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi. Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn daşary syýasat ugruny amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýär. Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri wajyp orun eýeleýär.

Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

AŞGABAT, 12-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Resminama laýyklykda, TSTB-niň bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga, “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, şeýle hem umumy netijeliligi ýokarlandyrmak, harajatlary azaltmak, öndürijiligi giňeltmek üçin iň täze elýeterli tehnologiýalar boýunça maglumatlary bermek babatynda birleşme bilen bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Golaýda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy. Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” Maksatnamasynyň esasy ugurlaryna, şonuň ýaly-da köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine uly üns berildi. AÖB tarapyndan bu resminamada durmuşa geçirmek üçin bellenilen geljegi uly wezipeleriň milli ösüş meýilnamalary hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) bilen sazlaşýandygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 4-nji marty) Hormatly jenap Başlyk!

2021-nji ýylyň fewraly: Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryna eýerip

Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk

9-njy martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi. Maslahatyň gün tertibine nazary we amaly meseleleriň birnäçesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi babatda toplan tejribelerini alyşmak bilen çäklenmän, degişli ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini-de ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyz daşary döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeldýär. Muňa taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamagyň, dikeltmegiň we goramagyň ojagy hökmünde muzeý işinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça şu günki maslahat aýdyň mysal bolup biler.

Möhüm ugurda hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde baky Bitarap Türkmenistan bilen ähli ugurlarda, şol sanda ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem-de abraýly halkara guramalaryň sany barha artýar. Soňky ýyllarda bu ugurdaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagy halkymyzyň medeni we ruhy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge, olary bütin dünýäde wagyz etmäge mümkinçilik berdi. Öňňin Amerikanyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde geçirilen maslahatda hem bular barada giňişleýin gürrüň edildi.