2021-nji ýylyň fewraly: Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasy başlangyçlaryna eýerip

11 Mart 2021
1273

Iki şanly senä — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna hem-de Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna beslenýän şu ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda milli Liderimiziň tabşyrygyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde guraýan duşuşyklarydyr gepleşikleri aýratyn orun eýeleýär. Ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän syýasy geňeşmeler, hökümetara toparlaryň mejlisleri, onlaýn görnüşde geçirilýän maslahatlar we okuw maslahatlary Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň barha artýan abraýynyň beýany bolup durýar.

1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etmegiň möhümdigi nygtaldy. “Demirgazyk — Günorta” we “Gündogar — Günbatar” ugurlary boýunça halkara üstaşyr ulag geçelgeleri döretmekde möhüm çatryk bolan iki ýurduň çäk taýdan amatly ýerde ýerleşmegini nazara almak bilen, ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Bu ugurda milli Liderimiziň başlangyjy boýunça Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman halkara geçelgesini döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekilmegi hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallarynyň biridir.

(TDH).
Beýleki habarlar