Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk

10 Mart 2021
938

9-njy martda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen «Gallagher&Associates» kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň, habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.

Maslahatyň gün tertibine nazary we amaly meseleleriň birnäçesi girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar muzeý işi babatda toplan tejribelerini alyşmak bilen çäklenmän, degişli ugurda hyzmatdaşlygyň möhüm wezipelerini-de ara alyp maslahatlaşdylar. Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly syýasaty netijesinde ýurdumyz daşary döwletler bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary giňeldýär. Muňa taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamagyň, dikeltmegiň we goramagyň ojagy hökmünde muzeý işinde hyzmatdaşlyk etmek boýunça şu günki maslahat aýdyň mysal bolup biler.

"Nesil".
Beýleki habarlar