Ykdysady ugurda hyzmatdaşlyk

15 Mart 2021
1356

Golaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn daşary syýasat ugruny amala aşyrýan Bitarap Türkmenistanyň Arkalaşygyň döwletleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, mejlisiň gün tertibi häzirki tapgyrda hem-de geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýär. Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri wajyp orun eýeleýär.

Beýleki habarlar