Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

13 Mart 2021
1475

AŞGABAT, 12-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.

Resminama laýyklykda, TSTB-niň bu kompaniýanyň önümlerini satyn almaga, “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň bolsa önümleriň tehniki görkezijilerini emele getirmek, şeýle hem umumy netijeliligi ýokarlandyrmak, harajatlary azaltmak, öndürijiligi giňeltmek üçin iň täze elýeterli tehnologiýalar boýunça maglumatlary bermek babatynda birleşme bilen bilelikde işlemäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi.

Beýleki habarlar