Parahatçylyk we ynanyşmak: köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde

26 Mart 2021
1139

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň bütin dünýäde dabaralanýan ýyly bolup, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Muny 24-nji martda Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen «Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň derwaýyslygy» atly metbugat maslahaty hem doly tassyklaýar.

Bu onlaýn duşuşyga «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň, Türkiýäniň «TRT» teleradiokorporasiýasynyň, Russiýanyň «Russia Today» halkara habar beriş teleýaýlymlar ulgamynyň, Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU), «Bütinrussiýa döwlet teleradio gepleşikler kompaniýasy» federal döwlet unitar kärhanasynyň, Hindistanyň «Prasar Bharati» ýaýlymlar kompaniýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Bulardan başga-da, agzalan duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda Özbegistanyň milli teleradiokompaniýasynyň, Azerbaýjanyň «AzerTAj» Döwlet habarlar agentliginiň, «Aztv» halkara radiosynyň, Gruziýanyň «TW-24» teleýaýlymynyň, şeýle hem Ermenistanyň «ARMENPRESS» habarlar agentliginiň hem-de beýlekileriň ýolbaşçylary we wekilleri bar.

Jumamyrat GUTLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».
Beýleki habarlar