"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işine başlan «EKS­PO – 2020»-de Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­nip ge­çil­di

-njy okt­ýab­r­da hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de öz işi­ne baş­lan «EKS­PO — 2020» Bü­tin­dün­ýä ser­gi­sinde Türkmenistanyň milli gününiň açylyş dabarasy boldy. Bu bütindünýä ykdysady gözden geçiriş dabarasyna dün­ýä döw­let­le­ri­niň 190-sy bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň we­ki­li­ýe­ti hem öz mil­li pa­wil­ýo­ny bi­len gat­naş­ýar. Ser­gi­niň esa­sy mak­sa­dy, dün­ýä­niň iň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ni tap­mak­dan, hä­zir­ki za­ma­nyň iň soň­ky in­no­wa­si­ýa­la­ry, yl­my açyş­la­ry we pi­kir­le­ri bi­len ta­nyş­mak­dan yba­rat­dyr. Şeý­le ab­raý­ly çä­rä bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ýur­du­my­zyň gat­naş­ma­gy bol­sa türk­men döw­le­ti­niň ga­za­nan­la­ry­ny, eks­port kuw­wa­ty­ny, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk bi­len bag­ly me­se­le­le­ri çöz­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­dir. «Akyl-paý­ha­sy­my­zy bir­leş­di­rip, gel­je­gi dö­red­ýä­ris» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çi­ril­ýän ser­gi­de 9-njy okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň mil­li gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­di. Bu dabara hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gatnaşmagy «EKS­PO – 2020»

Dostluk ýollary rowana

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dün­ýä ýurt­la­ry­na ama­la aşyr­ýan her bir sa­pa­ry halk­la­ryň dost­lu­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ýar, öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni aç­ýar. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň 4-5-nji okt­ýabr­da Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran res­mi sa­pa­ry hem mu­ňa gü­wä­dir. Ok­gun­ly ös­ýän Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­lar tä­ze ýo­ka­ry de­re­jä eýe bol­ýar. Iki do­gan­lyk ýurt­la­ryň ara­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki öza­ra sa­par­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy, uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan ne­ti­je­li gep­le­şik­le­riň ge­çi­ril­me­gi mu­ňa aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz bi­len Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da sy­ýa­sy, söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa, me­de­ni-yn­san­per­wer we beý­le­ki ugur­lar­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry dep­gin bi­len ös­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de iki ýur­duň ara­sy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy

Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­ryt-çig mal bir­ža­sy­nyň ge­çen hep­de­dä­ki söw­da­la­ryn­da ge­le­şik­le­riň 16-sy ha­sa­ba alyn­dy. Da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­sy­na BAE-den, Gon­kong­dan, Tür­ki­ýe­den, Ow­ga­nys­tan­dan we Kipr­den ge­len işe­wür­ler Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­myn­da ön­dü­ri­len aras­sa­la­nan di­zel ýan­gy­jy­ny we awia­ke­ro­si­ni sa­tyn al­dy­lar. Şeý­le-de Dok­ma se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň dok­ma top­lum­la­ryn­da ön­dü­ri­len dür­li gör­nüş­li dok­ma önüm­le­ri sa­tyl­dy. Ge­le­şik­le­riň je­mi ba­ha­sy ABŞ-nyň 27 mil­lion 317 müň 270 dol­la­ryn­dan gow­rak bol­dy.

Türkmenistanyň we onuň Lideriniň dünýädäki abraýy dünýä metbugatynyň üns merkezinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň sowallaryna jogap berdi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow TASS agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusmanyň Russiýa bilen gatnaşyklaryň dürli ugurlary baradaky sowallaryna jogap berdi, durmuş ýörelgeleri barada gürrüň berdi, şeýle hem Türkmenistanyň Owganystanyň täze hökümeti bilen hyzmatdaşlyga taýýardygy barada aýtdy.

Goňşy mertebesi beýik

Geçmişde şöhratly ýollary geçen ata-babalarymyz nesillerimize «Goňşy — goňşynyň aýnasy», «Goňşy — goňşa hemsaýa» diýen ýaly parasatly pähimleri miras galdyrypdyr. Bu asylly ýörelgeler halkymyzyň daş-töweregi bilen il bolup, dost-dogan bolup, ysnyşykly ýaşamak ýaly asylly häsiýetlerini açyp görkezýär. Türkmeniň myhmansöýer, dostlukly we parahatçylyk söýüjilikli, şol sanda goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk eýerýän halkdygyna taryh şaýat. Bu asylly ýörelge häzirki bagtyýar günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigi geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparyndan soň has-da aýdyň ýüze çykdy. Halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynda täze sahypa öwrülen bu sapar türkmen-özbek dostlugy hakynda ýakymly oýlara atarýar. Özbegistan diýlende, gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk gatnaşyklary hakydaňa dolýar. Türkmen hem-de özbek halklary asyrlaryň dowamynda egin-egne berip, dost-dogan bolup ýaşapdyrlar. Häzirki döwür barada aýdylanda, bu gatnaşyklar has-da berkedi, pugtalandy. Türkmen-özbek dostlugy hakynda pikir öwreniňde, bir gözbaşdan gaýdan iki çeşme, bir düýpden gaýdýan iki şaha, bir Günden gaýdýan iki şöhle biygtyýar göz öňüňde janlanýar.

Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady

Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi Aşgabat, 8-nji oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahat geçirildi.

Ikitaraplaýyn ylalaşyklar durmuşa geçirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi 7-nji oktýabrda milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Türkmenistan — Ermenistan: ynanyşmagyň we dostlugyň ýoly bilen

7-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň tüýs ýürekden aýdan salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollady. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän däp bolan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan — Russiýa: hyzmatdaşlygyň berk binýady

7-nji oktýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady, oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Russiýanyň Baştutany gutlaglar we mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, öňden gelýän dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

Özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar

7-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine wise-premýer S.Berdimuhamedow başlyklyk etdi. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.

Iki halkyň bir maksady: türkmen-özbek hyzmatdaşlygy täze derejä göterildi

Türkmen halky ozaldan goňşusyna aýratyn hormat-sylag edip, ony özüniň iň ýakynlarynyň biri hasaplap gelipdir. Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen «Ýer alma — goňşy al», «Kyýamat güni goňşudan» ýaly pähimleriň mysalynda-da muny aýdyň görmek bolýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, sebitde we dünýäde oňyn bitaraplyk syýasatyny dabaralandyrýan Garaşsyz Türkmenistan serhetdeş ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga özüniň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garaýar. Munuň şeýledigine goňşy Özbegistan Respublikasy bilen alnyp barylýan hoşniýetli gatnaşyklar, özara bähbitli netijeli hyzmatdaşlyk hem doly güwä geçýär. Bilşimiz ýaly, 4-5-nji oktýabrda milli Liderimiz Özbegistan Respublikasynda iki günlük resmi saparda boldy. Goňşy ýurda guralan, ýokary netijeliligi bilen tapawutlanan bu resmi sapar halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim hökmünde ykrar edildi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda 7-nji oktýabrda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.

Gatnaşyklar berkidilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimiziň üsti bilen tutuş türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýollady. A.Owerçuk pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenip geçilen şöhratly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda garaşsyz ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.

Ilçi işe başlady

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň tüýs ýürekden aýdan salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollady. Ilçiniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda öz ýurduna wekilçilik etmek onuň üçin uly hormatdyr. Türkmenistan bilen Ermenistany soňky ýyllarda täze mazmuna eýe bolan, öňden gelýän dostluk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Şunda sebitde we dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen döredijilikli daşary syýasaty alyp barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge hemişe gyzyklanma bildirilýändigi tassyklandy.

Hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga, öňden gelýän hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýän döwletleriň sany barha artýar. Munuň özi ilkinji nobatda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasaty, Diýarymyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin döredilen amatly mümkinçilikler bilen şertlendirilendir. Döwletimiz bilen netijeli we ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýän ýurtlaryň arasynda Russiýa Federasiýasy hem bar. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň taýsyz tagallalary bilen bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hem okgunly ösüşe eýe boldy. Köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmakda hökümetara toparlaryna möhüm orun degişlidir.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

Öňňin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň täze taryhy eýýamy: hoşniýetli goňşuçylykdan ygtybarly hyzmatdaşlyga geçişiň belent nusgasy

Taryhy, medeni, ruhy kökleri bir güzerden suw içýän, ýaşaýyş-durmuş terzi, däp-dessurlary birmeňzeş, gadymy akaba eýe türkmen hem-de özbek halklarynyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary öz gözbaşyny örän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Heňňamyň öwrümli ýollarynda bagry badaşan bu iki halky baglanyşdyrýan dostluk, doganlyk rişdeleri wagtyň synagyndan geçip, müňýyllyklaryň dowamynda has hem berkedi. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan daşary syýasaty türkmen-özbek gatnaşyklarynyň taryhynda täze döwre badalga berdi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky öňe ilerlemeleri aýdyň duýulýar. Bu aýdanlarymyza hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 4-5-nji oktýabrynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary we onuň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar hem ähli aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Bu resmi sapar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak häsiýetine eýe bolan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy maksadynyň sebitiň abadançylygyny hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilýändigini alamatlandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň resmi saparynyň çäklerinde geçirilen bilelikdäki ykdysady forum iki döwletiň

Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ýoly bilen

Aşgabat, 7-nji oktýabr (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk dostlukly ýurduň uly wekiliýetine ýolbaşçylyk edýär.

Tejribe alşyldy

Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Aşgabat gazna biržasynyň ösüşini goldamak hem-de ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, onlaýn görnüşde okuw maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat gazna biržasynyň, Merkezi bankyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri Türkmenistanyň we daşary ýurt gazna biržalarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň deňeşdirme seljermesini geçirmekdir. Maslahatyň dowamynda bilermenler öňdebaryjy halkara tejribäni paýlaşdylar hem-de oňa gatnaşyjylary işläp taýýarlanylan deňeşdirme seljermesiniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem bu babatda baradaky amaly teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar. Onuň dowamynda Gruziýanyň Gazna biržasynyň başlygy, halkara bilermen Giorgi Paresişwili:

Bir bitewi ösüşleri nazarlap

Zemin adamzat jemgyýetiniň umumy öýüdir. Öz öýüň kämilleşmegi, öňküsinden sähelçe-de bolsa gowy ýaşamagy üçin öz goşandyňy goşmak bagtdyr. Dünýä döwletleriniň haýsydyr birinde nähilidir bir peýdaly önüm öndürilen bolsa, onuň dünýäniň beýleki ýerleriniň durmuşyna-da ähmiýeti uludyr. Hut şu maksat bilen dünýäniň ösen we çalt ösýän döwletleriniň önümçilik ukybynyň görkezijilerini ýüze çykarýan EKSPO sergisiniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Şu ýylyň oktýabr aýynyň başynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi öz işine başlady.