Goňşy mertebesi beýik

10 Oktýabr 2021
998

Geçmişde şöhratly ýollary geçen ata-babalarymyz nesillerimize «Goňşy — goňşynyň aýnasy», «Goňşy — goňşa hemsaýa» diýen ýaly parasatly pähimleri miras galdyrypdyr. Bu asylly ýörelgeler halkymyzyň daş-töweregi bilen il bolup, dost-dogan bolup, ysnyşykly ýaşamak ýaly asylly häsiýetlerini açyp görkezýär. Türkmeniň myhmansöýer, dostlukly we parahatçylyk söýüjilikli, şol sanda goňşuçylyk gatnaşyklaryna berk eýerýän halkdygyna taryh şaýat. Bu asylly ýörelge häzirki bagtyýar günlerde hem mynasyp dowam etdirilýär. Munuň şeýledigi geçen hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparyndan soň has-da aýdyň ýüze çykdy. Halklaryň ysnyşykly gatnaşyklarynda täze sahypa öwrülen bu sapar türkmen-özbek dostlugy hakynda ýakymly oýlara atarýar.

Özbegistan diýlende, gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan dostluk gatnaşyklary hakydaňa dolýar. Türkmen hem-de özbek halklary asyrlaryň dowamynda egin-egne berip, dost-dogan bolup ýaşapdyrlar. Häzirki döwür barada aýdylanda, bu gatnaşyklar has-da berkedi, pugtalandy. Türkmen-özbek dostlugy hakynda pikir öwreniňde, bir gözbaşdan gaýdan iki çeşme, bir düýpden gaýdýan iki şaha, bir Günden gaýdýan iki şöhle biygtyýar göz öňüňde janlanýar.

Handurdy MUHAMOW,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar