Türkmenistan — Russiýa: hyzmatdaşlygyň berk binýady

8 Oktýabr 2021
975

7-nji oktýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady, oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Russiýanyň Baştutany gutlaglar we mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine, öňden gelýän dostluk hem-de ynanyşmak gatnaşyklaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi.

"Nesil".
Beýleki habarlar