Tejribe alşyldy

8 Oktýabr 2021
1322

Düýn Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş agentliginiň (USAID) «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen hyzmatdaşlykda we ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Aşgabat gazna biržasynyň ösüşini goldamak hem-de ýurduň ykdysadyýetine maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, onlaýn görnüşde okuw maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Aşgabat gazna biržasynyň, Merkezi bankyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň hem-de Döwlet ätiýaçlandyryş gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň esasy maksatlarynyň biri Türkmenistanyň we daşary ýurt gazna biržalarynyň işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň deňeşdirme seljermesini geçirmekdir. Maslahatyň dowamynda bilermenler öňdebaryjy halkara tejribäni paýlaşdylar hem-de oňa gatnaşyjylary işläp taýýarlanylan deňeşdirme seljermesiniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem bu babatda baradaky amaly teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Onuň dowamynda Gruziýanyň Gazna biržasynyň başlygy, halkara bilermen Giorgi Paresişwili:

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar