Türkmenistan — Ermenistan: ynanyşmagyň we dostlugyň ýoly bilen

8 Oktýabr 2021
1038

7-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi hormatly Prezidentimize ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýanyň tüýs ýürekden aýdan salamyny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Baştutany tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny ýollady. Hormatly Prezidentimiz dostlukly ýurduň ýokary ýolbaşçylaryna mähirli salamyny aýdyp, diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän däp bolan türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrundaky işinde üstünlikleri arzuw etdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar