Gatnaşyklar berkidilýär

8 Oktýabr 2021
1007

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimiziň üsti bilen tutuş türkmen halkyna parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýollady. A.Owerçuk pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy ýakynda bellenip geçilen şöhratly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda garaşsyz ösüşiň ýolunda ýurdumyzyň ajaýyp üstünlikleri gazanandygyny nygtady.

Beýleki habarlar