"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 15
Telefon belgileri: 94-17-24

Makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky ÇYKYŞY

(Kazan şäheri, 2024-nji ýylyň 15-nji maýy) Hormatly Rustam Nurgaliýewiç!

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi. Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna baryp gördi

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow 2024-nji ýylyň maý aýynyň 13-14-i aralygynda iş sapary bilen Balkan welaýatyna gitdi. Saparyň dowamynda G.Gozalow Balkan welaýatynyň häkimi, Türkmenbaşy şäheriniň häkimi, “Türkmendeňizderýaýollary” Gullugynyň başlygy, Türkmenbaşy Halkara Deňiz Portunyň başlygy we “Balkan” gämi abatlaýyş kärhanasynyň müdiri bilen duşuşyp, porta we gämi abatlaýyş kärhanasyna baryp gördi.

Türkmen gazy Azerbaýjan we Gruziýa arkaly Türkiýä barar

Türkmenistanyň tebigy gazyny Azerbaýjanyň we Gruziýanyň üsti bilen Türkiýe Respublikasyna ibermek babatda ylalaşyk gazanyldy. Bu barada Türkiýäniň metbugat neşirleri habar berýär. Türk metbugatyndaky habarlara görä, Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiakini kabul etdi. Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Ýaponiýada oňyn daşary syýasaty alyp barýan hem-de döretmegiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Bergeri kabul etdi. Ol beýik türkmen şahyry we akyldary, Gündogaryň nusgawy edebiýatynyň bütin dünýäde ykrar edilen görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeni çärelere gatnaşmak, şeýle hem medeniýet ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe duşuşyklary geçirmek üçin Aşgabada geldi. Döwlet Baştutanymyz myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň netijeleriniň Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ugruň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýandygyny belläp, Neda Bergeriň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni çärelere ýokary baha berdi. Olar özara medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy. Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz myhmany mähirli mübärekledi hem-de ony ýakynda bolan doglan güni bilen gutlady. Şeýle-de Neda Bergeriň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşýandygy bellenildi.

Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi: geljegiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 14-nji maý (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly maslahat geçirildi. Abraýly halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýewropa Bileleşigi bilen däp bolan gatnaşyklar hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. 1993-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ýola goýlan wagtyndan bäri dürli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi toplandy.

Bilelikde umumy abadançylygyň bähbidine

Düýn «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» ady bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň we bu iri düzümiň arasynda işjeň ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda bitirilen işlere syn bermegiň, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitlemegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Şeýle-de ol bilim, söwda, howpsuzlyk, «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleri giňden açyp görkezdi. Bu barada forumyň ýokary derejeli myhmany — Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri HAKALA, ine, şeýle gürrüň berdi: — Ilki bilen, hyzmatdaşlarymyzyň ählisini Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz bu senäni geçen ýyl Brýusselde hem dabaralandyrypdyk. Häzirki maslahat bolsa örän möhüm wakalar — Ýewropa hepdeligi we görnükli filosof, ajaýyp şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guraljak iri çäreler bilen utgaşýar. Munuň özi Türkmenistanda medeni gatnaşyklaryň-da barha ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy

Şu gün Daşary işler ministrliginde «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» atly maslahaty geçirildi. Bu geçirilen maslahatda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary ösdürmek, howpsuzlyk, söwda, bilim we «ýaşyl» energetika ulgamlarynda özara hyzmatdaşlyk, bu ugurlarda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek bilen baglanşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Waşingtonda Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek boýunça forum geçiriler

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde 2024-nji ýylyň 21-nji maýynda “Hazarüsti ulag geçelgäni has netijeli nähili peýdalanmaly” mowzugy bilen her ýyl geçirilýän sekizinji Hazarüsti forumy geçiriler. Bu barada “Caspian Policy Center” (CPC) barlag merkezi habar berýär. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly Hazar sebitiniň, Günorta Kawkazyň we goňşy döwletleriň ilçihanalary bilen hyzmatdaşlykda “Hazarüsti halkara ulag geçelge” atly forumy gurnaýarys diýip, CPC-niň web sahypasynda habar berilýär.

Russiýanyň Premýer-ministri Mişustin Türkmenistana geler

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň höükmet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça bölümi habar berdi. – 24-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Premýer-ministrler GDA-nyň çäklerindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini, şol san-da energetika, ulag, ekologiýa, intellektual eýeçiligi goramak. medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar – diýip beýanatda bellenilýär.

Halkara giňişlikde

Türkmenistan — Abu-Dabi maýa goýum forumynda Golaýda Abu-Dabi şäherinde XIII halkara maýa goýum forumy we sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Her ýyl geçirilýän bu forum Hökümet wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, pudagyň öňdebaryjylaryny, şeýle-de ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlary ösdürmäge, dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän beýleki taraplary bir meýdança jemleýär.

«EKSPO — 2025» serginiň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň dizaýnyny hödürledi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnyny öz resmi sos­ial hasabynda paýlaşdy. Türkmenistanyň pawilýonynyň daşky dizaýnynda milli bezegler, ýagtylyk panelleri we Beýik Ýüpek ýoluna degişli şekiller ulanylyp, ol eko-görnüşde ýerine ýetirilýär.

Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pack Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisi geçiriler

15 — 17-nji maýda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pack Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisigeçiriler. Sergä görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew 10-njy maýda geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Halkara gatnaşyklaryň medeniýeti we dialog filosofiýasy

Oňyn bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasynyň özenini düzmek bilen, syýasy durnuklylygy saklamaga, dostlukly, diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we şonuň netijesinde giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýär. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünliklere we işjeň häsiýete eýe bolmagy her bir türkmenistanlyny guwandyrýar. Munuň özi Milli Liderimiziň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tutanýerlilik bilen eýerilýändigine, dünýä jemgyýetçiliginde dialog filosofiýasynyň giň goldaw tapyp, onuň tarapdarlarynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Şu baharda diňe gülzar türkmen topragynyň reňki açylman, eýsem, ýurdumyzyň diplomatiýasynda hem göwün galkyndyryjy mahmal «ýaz şemaly öwüsdi». BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda netijeli syýasy-diplomatik gepleşikler usulyny, ýagny parahatçylyk medeniýetini ösdürmek boýunça edýän tagallalarynyň hem-ä ykrar edilýändigini, hemem dogrudygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Halkara maslahata taýýarlyk

Düýn Daşary işler ministrliginiň binasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 17-18-nji maýda paýtagtymyzda medeniýet ministrleri derejesinde geçiriljek halkara maslahatyň ähmiýetini jemgyýetçilige düşündirmek maksady bilen metbugat brifingi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň daşary işler, medeniýet ministrleriniň orunbasarlary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda Gündogaryň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiliniň hormatyna daşary döwletlerdäki ilçihanalarymyz tarapyndan wagyz-nesihat duşuşyklary, metbugat maslahatlary we beýleki çäreler guralýar. Şahyryň ýubileýiniň baýram edilişini, döredijiligini wagyz edýän makalalar çap edilýär, dürli telegepleşikler, filmler taýýarlanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bellenilip geçilýän toý-baýramlarymyzda şu ýylyň we onuň şygarynyň ähmiýeti giňden şöhlelendirilýär.

Kasym-Žomart Tokaýew ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew çarşenbe güni Moskwada geçirilen Ýewraziýanyň ýokary ykdysady geňeşiniň (ÝÝYG) 10-njy mejlisinde Halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Prezidentiniň resmi metbugaty habar berdi. “Aýlag ýurtlarynyň bazaryna çykmak üçin Ykdysady bileleşige agza döwletlere Halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda Aşgabat ylalaşygyna goşulmagy teklip edýäris. Gazagystan muny eýýäm ýerine ýetirýär” diýip, Gazagystanyň Lideri belledi.

Türkmenistan we Türkiýe Bilelikdäki gümrük komitetini döretmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda duşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar “Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Türkiýäniň Gümrük we söwda ministrliginiň arasyndaky Bilelikdäki gümrük komitetini döretmek hakynda Teswirnamanyň” taslamataslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Türkiýäniň Hökümetiniň arasynda ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesi hakyndaky Ylalaşygyň” taslamasy boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berdi.