Bilelikde umumy abadançylygyň bähbidine

15 Maý 2024
184

Düýn «Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler» ady bilen geçirilen maslahat ýurdumyzyň we bu iri düzümiň arasynda işjeň ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda bitirilen işlere syn bermegiň, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda geljekde öňde durýan wezipeleri kesgitlemegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Şeýle-de ol bilim, söwda, howpsuzlyk, «ýaşyl» ykdysadyýet ulgamlaryndaky taslamalary durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikleri giňden açyp görkezdi. Bu barada forumyň ýokary derejeli myhmany — Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Teri HAKALA, ine, şeýle gürrüň berdi:

— Ilki bilen, hyzmatdaşlarymyzyň ählisini Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Biz bu senäni geçen ýyl Brýusselde hem dabaralandyrypdyk. Häzirki maslahat bolsa örän möhüm wakalar — Ýewropa hepdeligi we görnükli filosof, ajaýyp şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli guraljak iri çäreler bilen utgaşýar. Munuň özi Türkmenistanda medeni gatnaşyklaryň-da barha ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar