Halkara giňişlikde

14 Maý 2024
157

Türkmenistan — Abu-Dabi maýa goýum forumynda

Golaýda Abu-Dabi şäherinde XIII halkara maýa goýum forumy we sergisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Her ýyl geçirilýän bu forum Hökümet wekillerini, iri kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, pudagyň öňdebaryjylaryny, şeýle-de ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlary ösdürmäge, dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän beýleki taraplary bir meýdança jemleýär.

Taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar