Halkara gatnaşyklaryň medeniýeti we dialog filosofiýasy

13 Maý 2024
240

Oňyn bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasynyň özenini düzmek bilen, syýasy durnuklylygy saklamaga, dostlukly, diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we şonuň netijesinde giň döwletara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam edýär. Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň üstünliklere we işjeň häsiýete eýe bolmagy her bir türkmenistanlyny guwandyrýar. Munuň özi Milli Liderimiziň öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyna häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan tutanýerlilik bilen eýerilýändigine, dünýä jemgyýetçiliginde dialog filosofiýasynyň giň goldaw tapyp, onuň tarapdarlarynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Şu baharda diňe gülzar türkmen topragynyň reňki açylman, eýsem, ýurdumyzyň diplomatiýasynda hem göwün galkyndyryjy mahmal «ýaz şemaly öwüsdi». BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň döwletara gatnaşyklarda netijeli syýasy-diplomatik gepleşikler usulyny, ýagny parahatçylyk medeniýetini ösdürmek boýunça edýän tagallalarynyň hem-ä ykrar edilýändigini, hemem dogrudygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.

Oraz ABDYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar