Russiýanyň Premýer-ministri Mişustin Türkmenistana geler

14 Maý 2024
147

Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustin şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň höükmet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň GDA ýurtlary boýunça bölümi habar berdi.

– 24-nji maýda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşar. Premýer-ministrler GDA-nyň çäklerindäki söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini, şol san-da energetika, ulag, ekologiýa, intellektual eýeçiligi goramak. medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşarlar – diýip beýanatda bellenilýär.

Beýleki habarlar